Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy
Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy 7 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalarynyň kabul edilişigi barada habar berýär. Okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:
    – Nebitgaz inženerçiligi;
    – Nebiti we gazy geçirmek we saklamak;
    – Nebit we gaz, hem-de mineral serişdeler ýataklarynyň geologiýasy we gözlegleri;
    – Nebit we gaz ýataklarynyň işläp taýýarlanylyşy we ulanylşy;
    – Himiýa inženerçiligi we tehnologiýa;
    – Mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizasiýa.
    Synag seçip almasy iki tapgyrda geçirilýär: matematika, himiýa we fizika dersleri boýunça test syngagy hem-de iňlis dili bilimini barlamak üçin söhbetdeşlik.

    Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
    – 25 ýaşdan uly bolmadyk;
    – Türkmenistanyň raýaty;
    – Iňlis dilini gowy bilmek;
    – Gowy bahalar, ösmek mümkinçiligine ukyply (10-njy we 11-nji synpda hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýeginde attestatda, ýetişikleri baradaky ýyllyk tabellerde 3-lük bahalarynyň (kanagatlanyrly) ýoklugy);
    – Gutarnykly orta, ýörite orta we orta hünär bilimi;
    – Kazyýet jogapkärçiligine çekilmedik.

    Gerekli resminamalaryň sanawy:
    – Şahamçanyň bellenen formasynda okuwa kabul etmek baradaky maglumatnama-haýyşnama (maglumatnamany resminamalaryň tabşyrylan wagtynda şahamçada alyp we dolduryp bolýar);
    – Mekdep uçurymlary üçin orta bilim baradaky attestatyň notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy; 2025-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar synp ýolbaşçysy, okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary we mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan 10–njy we 11–nji synp boýunça ýetişikleri baradaky ýyllyk tabelleri hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi boýunça ýetişikleri baradaky tabeli hem-de mekdepden hödürnamany tabşyrmaly;
    – Içerki pasportyň nusgasy;
    – Eger bar bolan ýagdaýynda, biometrik pasportyň nusgasy (şeýle pasporty bolmadyk şahslara ony resmileşdirmek işini başlamaga maslahat berilýär);
    – 3×4 ölçegdäki 6 sany foto suratlar;
    – Okuw ýa iş ýerinden (harby bölüminden) häsiýetnama
    – Zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy (işleýänler üçin);
    – Harby biletiň ýa-da ýazylyş şahadatnamasynyň nusgasy.
    Ähli görkezilen resminamalaryň terjimesi hökman däl.

    Resminamalaryň kabul edilişigi:
    2025-nji ýylyň 17-25-nji mart aralygynda (şenbe, ýekşenbe we baýramçylyk günlerinden başga) sagat 09:30-dan 17:00-e çenli kabul ediler (13:00-14:00 – arakesme wagty).
    Resminamalar CNPC şahamçasynyň Aşgabat şäherindäki edara binasynda (Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3) kabul edilýär.
    Telefon belgileri: (+99312) 44-51-01, (+99312) 44-50-65, (+99312) 44-54-75, (+99312) 44-53-49.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm