Hytaýda durmuş gurýanlaryň sany ep-esli azaldy
Hytaýda durmuş gurýanlaryň sany ep-esli azaldy

Üç ýyl ozal dünýäniň iň köp ilatly ýurdy diýen adyny ýitiren Hytaýda geçen ýyl nikalaşanlaryň sany rekord derejede az boldy. 2024-nji ýylda goş birikdirenleriň sany ozalky ýyldakydan 20 göterim töweregi azalyp, 6,1 million boldy. Bu bolsa şeýle hasabatyň ýöredilýän 1986-njy ýylyndan bäri iň pes derejedir. Maglumatlara görä, nikalaşýanlaryň sany soky on ýylda yzygiderli diýen ýaly azaldy. Ýurduň Raýat işleri ministrliginiň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda 7,7 jübüt nikalaşypdyr. Soňky birnäçe ýyldan bäri ýurtda çaga dogluşy hem-de durmuş gurýanlaryň sany azalýar. Ilkinji gezek 2019-njy ýylda nikalaşanlaryň sany 10 milliondan az bolupdy.
1,4 milliard töweregi ilaty bolan Hytaýda çaga dogluşynyň azalmagy demografik we ykdysady meselelere hem sebäp bolýar. Munuň öňüni almak üçin dürli höweslendiriji taslamalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurtda täze dünýä inen bäbegi ýazga goýmak üçin nika haty talap edilýär. Emma ýurduň käbir ýerlerinde bu talabyň hem ýatyrylmagy barada maslahatlaşylýar.
Bilermenler, esasan, ýaşlaryň ýaşaýyşyň gymmatlygy we gadymy däp-dessurlaryň üýtgemegi sebäpli durmuş gurmaga höwesek däldigini belleýärler.
Geçen ýyl ýurtda çaga dogluşy 2023-nji ýyldakydan birneme ýokary bolan hem bolsa, umumy ilat üçünji ýylynda hem azalmagyny dowam etdirdi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm