Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy

Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy

Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy
Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ýur­du­my­zyň baş baý­ly­gy bol­mak bi­len, ila­ty­my­zyň hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­niň dur­muş taý­dan aba­dan­çy­ly­gy­nyň, bag­ty­ýar gel­je­gi­niň hem mö­hüm şer­ti­dir. Giň ge­rim­li öňü­ni alyş iş­le­ri­niň hem-de ke­sel­le­ri ir­ki dö­wür­de anyk­la­ma­gyň mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi ila­tyň ara­syn­da ke­sel­le­me­giň de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge, ra­ýat­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
    Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na­la­ry hem tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ýar. In­no­wa­si­on ugur­la­ra esas­lan­mak bi­len, şy­pa­ha­na­la­ryň kuw­wa­tyn­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ila­ta ýo­ka­ry hil­li be­je­riş-öňü­ni alyş hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek, ra­ýat­la­ryň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
    Te­bi­gy be­je­riş şert­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly öňü­ni alyş luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek, hu­su­san-da, nä­sag­la­ryň ke­sel­le­ri­ni be­jer­mä­ge hem-de ola­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän şy­pa­ha­na-dynç alyş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň amat­ly ho­wa ýag­daý­la­ry, dür­li te­bi­gy land­şaft­lar, dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýän, dü­zü­mi bo­ýun­ça seý­rek duş gel­ýän mi­ne­ral suw­la­ry we mel­hem­lik pal­çyk­la­ry şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin şy­pa­ha­na-be­je­riş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, döw­re­bap sa­gal­dyş dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi hem-de meş­hur şy­pa­ha­na­la­ry­my­zyň tä­ze bi­na­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy döw­rüň gaý­ra­go­ýul­ma­syz umu­my­mil­li we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar.
    Ýur­du­myz­da tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ila­ta be­je­riş hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýän şy­pa­ha­na-dynç alyş eda­ra­la­ry­nyň uly top­lu­my dö­re­dil­di. Olar­da or­naş­dy­ry­lan iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, dynç al­mak we be­je­riş üçin dö­re­di­len amat­ly şert­ler adam­la­ra sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge, ýa­daw­ly­gy­ny aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär, ru­hu­be­lent­lik we güýç-kuw­wat ber­ýär.
    Hä­zir­ki do­wam ed­ýän ýaz pas­lyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy hem köp san­ly myh­man­la­ry ka­bul ed­ýär. «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da dynç al­ýan­la­ryň wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri üçin ýa­kyn­da­ky gö­zel kün­jek­le­re ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Ada­ty be­jer­gi bi­len bir ha­tar­da, türk­men top­ra­gyn­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ulan­mak ar­ka­ly fi­to­be­jer­gi usu­ly­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ýer­de dynç al­mak bi­len bir ha­tar­da, luk­man­çy­ly­gyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan be­jer­gi hyz­mat­la­ry­ny al­mak hem müm­kin­dir.
    «Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr». Kons­ti­tu­si­ýa­da ber­ki­di­len hut şu tag­ly­mat şy­pa­ha­na-dynç alyş ul­ga­myn­da mil­li sy­ýa­sa­tyň esa­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ul­ga­myň ös­dü­ril­me­gi ra­ýat­la­ryň dynç al­şy­nyň, ola­ryň sag­ly­gy­ny be­jer­me­giň ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu­la­ryň hem­me­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­tyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Çün­ki hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ýur­du­my­zyň esa­sy we gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr.

    Me­kan Meý­da­now,
    «Arçman» şypahanasynyň iňňe-refleks bölüminiň lukmany.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm