Gysgajyk hekaýatlar
Gysgajyk hekaýatlar

Nädip akyldar bolmaly?
Gyşyň aňzakly sowuk günleriniň birinde bir adam akyldaryň öýüne baryp, ondan soraýar:
– Men nädip akyldar bolup bilerkäm?
– Sen şo ýalazy meýdana çyk-da, duruber – diýip, akyldar jogap berýär.
Geňirgenen adam aýdylanyny etmeli bolýar. Meýdana çykýar-da, duruberýär. Şol wagt howa has-da sowap, üstesine-de güýçli ýagyş hem ýagyp ugraýar. Ýagşyň astynda uzak durup üşän adam çydaman yzyna dolanýar.
– Men aýdyşyň ýaly daşarda durdum, mundan näme netije? – diýip, ol akyldardan soraýar.
– Sowuk howada, ýagşa ezilip durkaň saňa aýan bolan zat ýokmy? – diýip, akyldar soraýar.
– Ýok-la, näme aýan bolsun maňa? Gaýtam ýagşa ezilip, üşedim. Şeýle ýagdaýda özümi akylly-ha saýmadym – diýip, ol digdenekläpdir.
– Diýmek, onda sen uly açyş edipsiň. Eger-de adam özüniň akylly däldigini boýun alsa, diýmek akyldarlyga tarap bir ädim ädendigini aňladýar. Akyldarlygyň başy hem hut şundan başlanýar – diýip, goja ýylgyrypdyr.
Daglar we durmuş
Bir oglanjyk kakasy bilen daga gidýär. Oglanjyk birden büdräp ýykylýar-da, aýagyny agyrdyp, «wah» diýip gygyrýar. Geň ýagdaý, ol öz sesiniň gaýtalanmasyny eşidýär: «wah»
Bilesigelijiligi oýanan oglanjyk «Sen kim?» diýip gygyrýar. Ol dag tarapdan «Sen kim?» diýen jogaby alýar.
Bu jogaba gahary gelen oglanjyk: «Sen gorkak» diýip gygyrýar. Dagdan hem oňa «Sen gorkak» diýen ses gelýär.
Oglanjyk kakasynyň ýüzüne çiňerilip: «Kaka, bu näme boldugy?» diýip soraýar.
Kakasy ýylgyryp: «Oglum, üns ber» diýýär-de daga garap, «Sen nähili gözel we ajaýyp» diýip, batly gygyrýar.
Dagdan gelýän ses hem «Sen nähili gözel we ajaýyp» diýip, jogap berýär.
Oglanjygyň kakasy ýene-de gygyrýar: «Sen beýik»
Ol ses jogap berýär: «Sen beýik»
Oglanjyk geň galýar, ýöne näme bolýanyna düşünmeýär.
Onsoň kakasy ogluna düşündirýär. «Adamlar muňa «ýaň» diýýärler, ýöne hakykatda welin, ol durmuşdyr. Ol hemişe seniň öz aýdan ýa-da eden zadyňy yzyna gaýtaryp berýär. Biziň durmuşymyz diňe öz eden işlerimiziň beýany. Eger sen dünýäde köp söýgi, mähir bolmagyny isleýän bolsaň, onda öz ýüregiňde şonça köp söýgi, mähir döret! Eger-de sen öz synpyňda köp başarnyk, ukyp bolmagyny isleýän bolsaň, öz ukyp-başarnygyňy ösdür. Bu ýagdaý hemme zada, durmuşyň ähli ugruna degişli, durmuş elmydama seniň oňa beren zadyňy yzyna gaýtaryp berýär.
Taýýarlan Nurtäç Halmyradowa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.