Gök çaý beýnini goraýar

Gök çaý beýnini goraýar

Gök çaý beýnini goraýar
Gök çaý beýnini goraýar 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    “Science of Food” žurnalynda çap edilen täze barlaglarda yzygiderli gök içmegiň, uly ýaşly adamlaryň beýnisini goraýandygy bellenilýär. Bu bolsa demensiýa howpuny azaldyp biler. 65 ýaşdan uly 8 müň 766 adamyň maglumatlarynyň seljerilmegi netijesinde, çaýyň yzygiderli içilmeginiň beýnidäki kognitiw (akyl-paýhas) wezipeleriň goralyp saklanmagyna ýardam berýändigi ýüze çykaryldy.
    Bu maglumatlar 2016-2018-nji ýyllar aralygynda toplanylypdyr. Olaryň arasynda berhiz bilen bagly sowallar, kognitiw synaglar we MRT (magnit-rezonans tomografiýasynyň) barlaglarynyň netijeleri göze ilýär. Hünärmenler barlaga gatnaşyjylary “0-200 ml”, “201-400 ml”, “401-600 ml” we “601 ml”-den köp ýaly dört topara bölüpdirler.
    Barlagyň netijelerine görä, her günde üç käse (600 ml) gök çaý içenlerde beýniniň ak maddasynyň zeperlenme derejesi diňe bir käse (200 ml) içenler bilen deňeşdirilende, 3% pesräk bolupdyr. Her günde 7-8 käse içenlerde bolsa bu görkeziji 6% pes bolupdyr. Çaýyň içilmegi bilen, gippokampyň göwrüminiň (beýniň ýady dolandyrýan böleginiň) arasynda hiç hili arabaglanyşyk tapylmandyr.
    Alymlar antioksidant we çişmä garşy häsiýetlere eýe boan katehinleri gök çaýyň oňyn täsirinde esasy faktor hasaplaýarlar. Muňa garamazdan, çaý depressiýaly adamlar we altsgeýmer keselini döredýän APOE-ε4 geniniň göterijileri üçin täsirsiz diýen ýaly bolupdyr. Barlagyň çäginde alymlar kofeniň täsirini hem öwrenipdirler, ýöne onuň beýnä kän bir täsir etmeýändigi ýüze çykarypdyrlar.
    Alymlaryň pikiriçe, gök çaýyň düzüminde kofe garanyňda az kofein bar, bu bolsa adaty gan basyşynyň derejesini saklamak üçin has peýdalydyr. Öňki barlaglarda gök çaýyň agramy gözegçilikde saklamaga kömek edýändigi, düwnük öýjüklerine garşy göreşýändigi we beýnini goramaga kömek edýän katehinler ýaly antioksidantlary öz içine alýandygy ýüze çykarylypdy.

    Jennet HALLYÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm