Geýtsiň okamagy ündän kitaplary
Geýtsiň okamagy ündän kitaplary

2024-nji ýylyň ahyrynda Bill Geýts täze ýylda okamagy maslahat berýän kitaplarynyň sanawyny hödürledi. Geýtsiň pikirine görä, sanawdaky bäş kitabyň dördüsi bizi gurşap alýan dünýä has gowy düşünmäge kömek edýär, bu bolsa tiz üýtgeýän döwürde aýratyn wajypdyr.
Birinji kitap – Doris Kerns Gudwiniň «Tamamlanmadyk söýgi hekaýaty» (An Unfinished Love Story) eseridir. Kitapda awtoryň 1960-njy ýyllarda Ak Tamyň işgäri bolup işlän adamsy bilen durmuşy barada gürrüň berilýär. Geýtsiň pikiriçe, bu iş geçmiş bilen şu günüň aralygyndaky meňzeşligi ýüze çykarýar.
Ikinji kitap – Jonatan Haýdtyň «Ynjalyksyz nesil» (The Anxious Generation) kitaby ene-atalar, pedagoglar we halypalar üçin peýdaly bolar. Awtor döwrebap tehnologiýalaryň we gajetleriň çagalaryň emosional ösüşine nähili täsir edýändigine seredip geçýär.
Üçünji kitap – Greýdi Hillhausyň «Tüýs inženeriýa» (Engineering in Plain Sight) kitaby. Bu kitap öýjükli aragatnaşyk diňleri we transformatorlar ýaly gündelik gurluşlaryň işini düşündirýär. Geýts ol adaty gurluşlardan hemmetaraplaýyn baş çykarmagy halaýanlar üçin gyzykly bolup biler diýip hasaplaýar. Milliarderiň aýtmagyna görä, bu kitap siziň pikir etmedik soraglaryňyza jogap berer.
Dördünji kitap – Mustafa Suleýmanyň «Gelýän tolkun» (The Coming Wave) atly kitaby. Kitapda emeli aň ýaly ylmy üstünlikleriň jemgyýeti nähili üýtgedýändigine baha berilýär. Geýts ony tehnologiýalaryň häzirkizaman dünýäsine edýän täsiriniň iň gowy düşündirişi diýip atlandyrdy.
Bäşinji kitap – Doris Henkeliň tennisçi Rojer Federeriň durmuşyna bagyşlanan «Federer» (Federer) eseri. Geýts bu eseriň tennis muşdaklary üçin arzyly kitaba öwrüljekdigini belledi.
Zuleýha Haýdarowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.