Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    20-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy.

    Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.
    Türkmenistanyň GECF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
    Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
    Türkmen tarapy GECF-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
    Türkmenistanyň Daşary işler ministri GECF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
    Söhbetdeşler Türkmenistan bilen GECF-iň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ynam bildirdiler.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm