Finlýandiýa ýene birinji boldy

Finlýandiýa ýene birinji boldy

Finlýandiýa ýene birinji boldy
Finlýandiýa ýene birinji boldy 10 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Finlýandiýa yzly-yzyna sekizinji gezek Dünýäniň iň bagtly ýurdy boldy. Oksford uniwersitetiniň maddy hal-ýagdaý gözlegler merkezi 2025-nji ýylda dünýäniň iň bagtly ýurtlary barada maglumat taýýarlady. Sanawa jemi 147 ýurt girizilip, Finlýandiýa birinji orny eýeledi. Daniýa, Islandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Kosta Rika, Norwegiýa, Ysraýyl, Lýuksemburg we Meksika ilkinji onluga girdi. Kosta Rika bilen Meksika bolsa birinji gezek ilkinji onlukda özüne orun tapdy.
    Germaniýa 22-nji, Angliýa 23-nji, Fransiýa 33-nji, Ispaniýa 38-nji, Italiýa 40-njy ýeri eýeledi.
    Sanaw pikir soraşma esasynda geçirilip, gatnaşyjylardan durmuşyna 0-dan 10-a çenli baha bermegi soraldy. Bilermenler bu sowallaryň jogaplaryndan başga-da, şol ýurtda jan başyna düşýän girdejini, jemgyýetçilik goldawyny, sagdyn durmuş mümkinçiliklerini we beýleki ölçegleri göz öňünde tutdular.
    Oksford uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda pikir soralyşyk geçiren “Gallup” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilana Ron Lewi sanawyň başynda Skandinaw ýurtlarynyň bolmagynyň adaty ýagdaýdygyna ünsi çekip, bu ýurtlarda durnuklylygyň ýokarydygyny belledi. Lewi finlýandiýalylaryň birek-birege ynam, geljege umytly garamak, dost we maşgala goldawy ýaly sebäplerden dünýädäki beýleki jemgyýetlerden has bagtlydyklaryny aýtdy. Şeýle hem ýurtda maddy hal-ýagdaýyň deňsizliginiň azdygy bellenildi.
    Lewiniň sözlerine görä, özüňi bagtly saýmak diňe ýurduň jemi içerki önümi ýa-da ýokary zähmet haky bilen baglanyşykly däl-de, ynam we gowy jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen hem baglydy.
    Maglumatda ýeke naharlanmagyň özüňi bagtsyz duýmaga sebäp bolýandygy bellenildi. Sanly ulgama garaşlylyk, çalt sarp ediş ýaly endikleriň ýeke naharlanmaga getirýändigi, munuň bolsa özüňi bagtsyz duýmaga sebäp bolýandygy bellenildi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm