Eýranyň ýygyndysy 7-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar, özbeklere 1 deňlik ýeterlik

Eýranyň ýygyndysy 7-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar, özbeklere 1 deňlik ýeterlik

Eýranyň ýygyndysy 7-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar, özbeklere 1 deňlik ýeterlik
Eýranyň ýygyndysy 7-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar, özbeklere 1 deňlik ýeterlik 10 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Geljek ýyl geçiriljek Dünýä Kubogynda Ýaponiýadan soň Aziýadan wekilçilik etjek 2-nji ýygyndy hem belli boldy. 3-nji saýlama tapgyrynyň “A” toparçasynda Eýranyň ýygyndysy öz meýdançasynda Özbegistanyň ýygyndysyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda özbekler 2 gezek öňe saýlandy. Ýöne her gezekde-de ýer eýeleri jogap bermegi başardy. Oýnuň 16-njy minutynda Erkinowyň goly bilen hasaby açan özbekler Tareminiň 52-nji minutdaky goluny saklap bilmese-de, 53-nji minutda Faýzullaýewiň uzakdan ýerine ýetiren jerime urgusyndan geçiren goly esasynda täzeden öňe geçdi. Ýöne oýnuň tamamlanmagyna 7 minut galanda, ýene-de Mehdi Taremi tapawutlanyp, toparyny ýeňlişden halas etdi. Bu deňlik Eýranyň bassyr 4-nji, umumylykda-da 7-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin ýeterlik boldy. Özbegistanyň ýygyndysyna bolsa Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin indiki oýunda BAE bilen myhmançylykda deňme-deň galmagy ýeterlikdir.

    Gyrgyzystan – Katar: 3-1, Eýran – Özbegistan: 2-2, D. Koreýa – BAE: 1-2

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm