Energiýa bolan isleg ýokarlandy
Energiýa bolan isleg ýokarlandy

Geçen ýyl elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy bilen energiýa serişdelerine bolan isleg global derejede 2,2 göterim artdy. Bu görkezijiniň soňky 10 ýyldaky ortaça artyşdan ýokarydygy mälim edildi. 2013-2023-nji ýyllar aralygynda energiýa serişdelerine bolan isleg ýylda ortaça 1,3 göterim ýokarlanypdyr. Geçen ýyl elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artan böleginiň gaýtadan dikeldilýän we tebigy gazdan alnandygy mälim edildi. Bu barada Halkara energiýa agentliginiň maglumatynda beýan edilýär. Maglumatda elektrik energiýasyna bolan isleg, önümçilik, täze tehnologiýalar we energiýa pudagynda uglerodyň howa goýberilişi barada jikme-jik maglumatlar bar. Ösen ýurtlarda energiýa serişdelerine bolan isleg 1 göterim töweregi artypdyr.
Dünýädäki elektrik energiýasynyň sarp edilişi 2024-nji ýylda 4,3 göterim ýokarlanypdyr. Bu görkeziji 2013-2023-nji ýyllar aralygyndakydan iki essä golaý artyş diýmegi aňladýar. Elektrik energiýasyna islegiň görnetin ýokarlanmagyna howanyň yssy bolmagy sebäpli sowadyjy ulgamlaryň has köp işledilmegi, senagat önümçiligi ulag ulgamyndaky elektrikleşme, maglumat merkezleri hem-de emeli aň tehnologiýasynyň ösmegi sebäp bolupdyr.
Geçen ýyl dünýäde gurlup, ulanmaga berlen gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalarynyň umumy önümçilik kuwwaty 700 gigawat boldy. Şeýlelikde, yzly-yzyna 22 ýylda bu ugurda rekord hasaba alyndy. Kömre bolan isleg 1 göterim artyp, onuň 90 göteriminden gowragy Hytaý bilen Hindistana degişlidigi belli boldy.
Maglumatda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň artmagy bilen howa goýberilýän uglerodyň azalýandygy bellenildi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm