Emeli aň tarapyndan döredilen suratlaryň sergisi
Emeli aň tarapyndan döredilen suratlaryň sergisi

«Christie’s» auksion öýi diňe emeli aň tehnologiýasy tarapyndan döredilen sungat eserleriniň sergisini we auksionyny açdy. Auksion öýi mundan ozal hem emeli aň tarapyndan döredilen suraty satypdy. Emma bu sergide diňe emeli aň tarapyndan döredilen suratlar satuwa çykarylýar. 20-nji fewralda açylan «Artdyrylan aň» atly serginiň 5-nji marta çenli dowam etjekdigi mälim edildi. Sergide suratlardan başga-da heýkeller hem bar. Sergidäki ýene bir täsin zat bolsa, uzynlygy 3,7 metre barabar bolan surat çekýän robotdyr. Bu robotyň surat çekýän pursatyna tomaşa etmek tölegli. Emeli aň tarapyndan döredilen eserleriň satuwyndan auksion öýüne azyndan 600 müň dollar girdeji gelmegine garaşylýar.
Baýram DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm