Dünýäniň meşhur dagyna çykmak indi tölegli bolar

Dünýäniň meşhur dagyna çykmak indi tölegli bolar

Dünýäniň meşhur dagyna çykmak indi tölegli bolar
Dünýäniň meşhur dagyna çykmak indi tölegli bolar 8 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Ýaponiýanyň iň meşhur dagy bolan Fudza dagyna çykmak tölegli bolar. Daga çykmak isleýänler üçin şu ýylyň iýul-sentýabr aýlary aralygynda 4000 ýen (26 dollar) töleg giriziler. Mundan ozal daga diňe Ýosida ýodasy bilen çykýanlardan 2000 ýen möçberde töleg alynýardy. Indi daga dyrmaşýanlaryň akymyny, şeýle hem wulkana ýetirilýän zyýanlary azaltmak maksady bilen töleg has giňeldildi. Daga 2023-nji ýylda 221 müňden gowrak, geçen ýyl 204 müňden gowrak adam çykdy. Sidzuoka prefekturasynyň administrasiýasyndan Nasuko Sodeýamanyň aýtmagyna görä, 200 müň syýahatçy hem az däl. Ýurtda bary-ýogy 2 aýyň dowamynda 200-den gowrak syýahatçyny özüne çekjek başga dag ýok. Şu maksat bilen hem adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bu daga käbir çäklendirmeleri girizmek wajyp. Adatça bu dagyň beýik depesi hemişe diýen ýaly gar bilen örtülendir. Şeýle-de bolsa, syýahatçylar Günüň dogşuna dagyň çür depesinde syn etmek üçin daga diňe tomus aýlarynda çykyp bilýärler.

    Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm