Dün­ýä­de iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bi­na­lar

Dün­ýä­de iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bi­na­lar

Dün­ýä­de iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bi­na­lar
Dün­ýä­de iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bi­na­lar 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Adam­la­ryň köpüsi sy­ýa­hat et­me­gi, owa­dan ýer­ler­de dynç al­ma­gy go­wy gör­ýär. Kä­bi­ri bol­sa, sy­ýa­hat ed­ýän ýe­ri­niň ta­ry­hy we mil­li gym­mat­lyk­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy ha­la­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň hü­när­men­le­ri dün­ýä­de iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bi­na­lar ba­ra­da mag­lu­mat ber­mek bi­len, her ýyl 1,5 mil­liard ada­myň da­şa­ry ýur­da sy­ýa­hat ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Iň köp sy­ýa­hat edil­ýän bi­na­la­ryň sa­na­wyn­da pi­ra­mi­da­lar­dan baş­lap, yba­dat­ha­na­lar­dyr teatr­la­ra çen­li bir­nä­çe owa­dan ýer­ler bar.

    Täç­ma­hal, Hin­dis­tan. Dün­ýä­niň meş­hur bi­na­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Täç­ma­hal aram­gä­hi 631-nji ýyl­da Mum­taz Ma­hal üçin gu­rul­ýar. Be­ýik­li­gi 58 metr, ini 56 metr bo­lan bu bi­na­ny Şah Ja­han söý­güsi­niň ny­şa­ny hök­mün­de gur­dur­ýar. Dün­ýä­niň iň owa­dan bi­na­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Täç­ma­hal aram­gä­hi be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, haý­ran gal­dy­ry­jy ak mer­mer sü­tün­le­ri we Ýa­mu­na der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky «Aý­ýag­ty bag­la­ry» (Meh­tab) bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. 4 sa­ny uly güm­me­zi we 22 sa­ny ki­çi­räk güm­me­zi bo­lan bu bi­na 22 ýyl­da gur­lup­dyr. Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ag­ra şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Täç­ma­hal aram­gä­hi­ne her ýyl 7-8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Täç­ma­hal ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my ÝU­NES­KO-nyň
    Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len dün­ýä­niň 7 tä­sin­li­gi­niň bi­ri­dir.
    Notr-Dam yba­dat­ha­na­sy, Pa­riž. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da Notr-Dam bi­na­sy dür­li mak­sat­lar üçin ula­ny­lyp­dyr. 1790-njy ýyl­lar­da azyk am­ma­ry bo­lan bu bi­na di­ni yba­dat­la­ryň ber­jaý edil­ýän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Pa­ri­žiň meş­hur ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Notr-Dam yba­dat­ha­na­sy her ýyl 20 mil­li­on ja­han­keş­dä­ni özü­ne çek­ýär. Esa­san, wa­gyz iş­le­ri ge­çi­ril­ýän bu ýer­de heý­kel­le­ri, ba­rok me­de­ni­ýe­ti­niň yz­la­ry­ny gör­mek bol­ýar.
    Gi­za pi­ra­mi­da­la­ry, Mü­sür. Mü­sü­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar Gi­za pi­ra­mi­da­la­ry­ny ýa­kyn­dan syn­la­mak üçin sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Ga­dy­my mü­sür­li­le­riň bu ýa­dy­gär­li­gi tä­sin gur­lu­şa eýe bo­lup, adam­zat ta­ry­hy­nyň iň meş­hur bi­na­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Pi­ra­mi­da­lar 1979-njy ýyl­dan bä­ri ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, 7 tä­sin­li­giň bi­ri­dir. Bu pi­ra­mi­da­ny gur­mak üçin ag­ra­my 2,5 ton­na ba­ra­bar bo­lan, tak­my­nan 2,3 mil­li­on daş ula­ny­lyp­dyr. Mü­sü­riň iň uly üçün­ji şä­he­rin­de – Gi­za­nyň gap­da­lyn­da ýer­leş­ýän bu pi­ra­mi­da­la­ra her ýyl 14 mil­li­on tö­we­re­gi ja­han­keş­de bar­ýar.
    Al­hamb­ra, Gra­na­da. Al­hamb­ra Gün­do­ga­ryň bi­na­gär­lik ähe­ňin­de gur­lan iň owa­dan bi­na­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Al­hamb­ra şä­her ga­la­sy Is­pa­ni­ýa­nyň Gra­na­da şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. 1984-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len bu ga­la­nyň uzyn­ly­gy 720 met­re, ini 220 met­re ba­ra­bar bo­lup, dün­ýä­dä­ki iň uly ga­la­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Halk ara­syn­da «Gy­zyl ga­la» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ga­la­nyň daş-tö­we­re­gi­ni owa­dan bag­lar gur­şap al­ýar. Is­pa­ni­ýa­nyň iň köp sy­ýa­hat edil­ýän ýe­ri bo­lan Al­hamb­ra her ýyl 3 mil­li­on myh­man bar­ýar.
    Sid­neý ope­ra te­at­ry, Awst­ra­li­ýa. 1973-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan bu bi­na gö­ýä ýü­züp bar­ýan ak ýel­ken­li gä­mi­ni ýa­dy­ňa sal­ýar. Sid­neý ope­ra te­at­ry Aýers Rok de­pe­si ýa­ly Awst­ra­li­ýa­nyň iň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. 1973-nji ýyl­da açy­lan bu ope­ra te­at­ry 2007-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Sid­neý ope­ra te­at­ryn­da her ýyl 2500-e golaý spek­takl we ede­bi eser­ler sah­na­laş­dyryl­ýar. To­ma­şa meý­dan­ça­sy­na her ýyl 10 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
    Ko­li­zeý, Rim. Bu bi­na ga­dy­my dö­wür­ler­de gur­lan iň uly am­fi­teatr­dyr. 72-80-nji ýyl­la­r ara­ly­gyn­da gur­lan bu sport meý­dan­ça­syn­da Gla­dia­tor gö­reş­le­ri, ba­şa-baş sö­weş­ler ge­çi­ri­lip­dir. 80 müň ada­ma ni­ýet­le­nen bu des­ga eme­li kö­lüň üs­tün­de gur­lup­dyr. Ko­li­zeý­de tun­nel­ler bi­len bir­lik­de, çyl­şy­rym­ly ýe­ras­ty ge­çel­ge­ler bar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu am­fi­teatr­da ge­çi­ril­ýän kä­bir oýun­lar 100 gün­läp do­wam edip­dir. Ri­miň iň uly bi­na­gär­lik gur­luş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ko­li­zeý ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ýer­le­riň bi­ri­dir. Ko­li­zeý ýa­dy­gär­li­gi­ne her ýyl 8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
    Eý­fel di­ňi, Pariž. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan Eý­fel di­ňi 1889-njy ýyl­da bu şä­her­de ge­çi­rilen Bü­tin­dün­ýä ser­gi my­na­sy­bet­li gu­rul­ýar. Be­ýik­li­gi 300 metr­den geç­ýän po­lat gur­luş­lar­dan dü­zü­len bi­na esa­sy üç bö­lek­den yba­rat­dyr. Dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän bi­na­la­ry­nyň ara­syn­da he­mi­şe öň­de­li­gi sak­la­ýan Eý­fe­liň ýo­kar­syn­dan şä­he­ri syn­la­mak is­le­ýän myh­man­lar bir­nä­çe sa­gat no­ba­ta dur­ma­ly bol­ýar­lar. Onuň de­pe­si­ne lift­li hem-de bas­gan­çak­dan çy­kyp bol­ýar. Eý­fel di­ňi­ne her ýyl 7 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm