Dil öwrenmek kämilligiň aýdyň beýanydyr
Dil öwrenmek kämilligiň aýdyň beýanydyr

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçynyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar. Çagalykdan dil öwrenýän çaganyň beýnisindäki «sözlük gory» beýleki deň-duşlary bilen deňeşdirilende has ösendir. Munuň şeýledigini psiholog hünärmenler hem tassyklaýarlar.
Dili öwrenmekde interaktiw usullaryň ulanylmagynyň wajypdygyna turuwbaşdan ünsi çekmek isleýäris. Munuň özi sapakda özara işjeňligiň örän ýokary bolan ýagdaýydyr, diňe bir mugallym bilen okuwçynyň däl, eýsem, okuwçylaryň öz aralaryndaky işjeňligiň hem oňyn netije berýän usulydyr. Interaktiw usullarda ýazuw endikleri-de, sözleýiş medeniýeti-de gyradeň ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, iş başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işleri utgaşdyryp dowam etdirmek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şu wezipelerden ugur alyp, öz işlerini göwnejaý guraýarlar, dürli bäsleşiklere, halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar.
Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.
«Dil bilen dünýäni gezer» diýlişi ýaly, dil öwrenmek wajypdyr. Biz – mugallymlar döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan asylly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülruh ŞAJYKOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän 65-nji orta mekdebiň mugallymy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm