Çyralar bir sagat öçürildi
Çyralar bir sagat öçürildi

Tebigaty goramagyň bütindünýä gaznasynyň tagallasy bilen her ýyl klimatyň özgermegine we tebigy meselelere ünsi çekmek maksady bilen “Ýer sagady” atly çäre geçirilýär. Bu çäräniň çäklerinde dünýäniň iri şäherlerinde belli binalaryň çyralary bir sagatlygyna öçürilýär. Şeýle hem bu çärä ýaşaýjylar hem goşantlaryny goşup, çyralary söndürýärler. Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Eýfel diňiniň hem-de Ýeňiş ýadygärliginiň, Angliýanyň paýtagty Londondaky parlament binasynyň, Gresiýanyň paýtagty Afinydaky gadymy Akropolis ýadygärliginiň we beýleki ýüzlerçe binanyň çyralary öçürildi. Bu çärä Aziýa ýurtlary hem goşuldy. Gonkongdaky 4 müňden gowrak binanyň, Tokio, Bangkok, Deli ýaly şäherleriň esasy binalarynyň çyralary öçürildi.
“Ýer sagady” çäresinde planetanyň ýüzbe-ýüz bolýan tebigy hadysalaryna ünsi çekmek hem-de adamlary tebigaty arassa saklamaga çagyrmak maksat edinilýär.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm