“Çelsi” italiýaly oýunçysyny ýurduna ugratdy
“Çelsi” italiýaly oýunçysyny ýurduna ugratdy

Angliýanyň “Çelsi” kluby italiýaly ýarymgoragçysy Çezare Kazadei ýurduna ugratdy. 22 ýaşyndaky futbolçyny “Serie A”-nyň “Torino” topary 15 million ýewro transfer edip, onuň bilen 4,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Çezena” hem-de “Interiň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Kazadei “Çelsi” 2022-nji ýylda 14,8 million ýewro düzümine goşupdy. Ol “Reding” hem-de “Lester” klublarynda kärendesine çykyş edipdi. Kazadei “Çelside” 6 oýunda meýdança çykdy. “Çelsi” oýunçynyň indiki transferinden tölegleriň 25 göterimini alar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.