Buzuň galyňlygy ölçener
Buzuň galyňlygy ölçener

Ýeriň demirgazyk we günorta polýuslarynda buzluklar planetamyzyň umumy ýylylygyna täsir edýär. Şol sebäpli olaryň meýdanyny, galyňlygyny yzygiderli ölçemek möhüm bolup durýar. Dünýäde howanyň, suwuň ýylylygyny, buzluklaryň meýdanyny ölçeýän birnäçe gurama bar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň (NASA) kosmos robotlary barada iş alyp barýan Žet hereket laboratoriýasy (JPL) hem bar. Maglumatlara görä, Antarktika buzlugy erän ýagdaýynda deňiz derejesi 1 metre çenli beýgelip biler. Bilermenler buzuň astyndaky boşluklary hem öwrenmek üçin tagalla edýärler. JPL laboratoriýasynyň bilermenleri «IceNode» atly suwasty roboty işläp taýýarladylar. Bu enjam Antarktikadaky aýsbergleriň astyndan maglumat toplar. Äpet buzluklaryň astynda nämäniň bardygyny ýakyndan görmek geljekde deňiz derejesiniň nähili boljakdygyny bilmäge ýardam eder. Uzynlygy 2 metre, agramy 100 kilograma barabar bolan enjam bilen buzuň ereýiş tizligi, duzlulyk möçberi, suwuň hereketi ölçener.
Eziz NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm