“Baýeriň” çempionlyk umydy dowam edýär

“Baýeriň” çempionlyk umydy dowam edýär

“Baýeriň” çempionlyk umydy dowam edýär
“Baýeriň” çempionlyk umydy dowam edýär 6 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Germaniýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda häzirki çempion “Baýer” öz meýdançasynda autsaýderleriň biri bolan “Bohumy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda lewerkuzenlilere garşydaşyny ýeňmek ýeňil düşmedi. 20-nji minutda Aleş Garsiýanyň goly bilen öňe geçen ýer eýelerine 26-njy minutda myhmanlar Passlagyň goly bilen jogap berdi. Ýöne 2-nji ýarymda azda-kände tijenen “Baýer” 2 gol geçirmegi başardy. 60-njy minutda Inkapieniň derwezäniň alkymyna geçiren topuny Bonfeýse diňe aýagyny goýaýmak galdy. Oýnuň 87-nji minutynda bolsa 1-nji goluň hem pasyny beren Adli hasaby 3-1-e ýetirdi we “Baýer” nobatdaky ýeňşini gazandy. Şunlukda, “Baýer” 1 oýny artykmaç “Bawariýadan” 3 utuk yzda bolup, münhenliler şu gün “Sankt-Pauli” topary bilen duşuşar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm