“Baýerden” ýene bir kembek we lewerkuzenliler ýarym finala çykdy

“Baýerden” ýene bir kembek we lewerkuzenliler ýarym finala çykdy

“Baýerden” ýene bir kembek we lewerkuzenliler ýarym finala çykdy
“Baýerden” ýene bir kembek we lewerkuzenliler ýarym finala çykdy 1 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda-da çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygy geçirilip, “Ştutgart” öz meýdançasynda “Augsburgy” Deniz Undawyň 30-njy minutda salan ýeke-täk goly bilen ýeňdi we ýarym finala çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda-da “Baýer” öz meýdançasynda ýene bir kembek bilen “Kölnden” üstün çykdy. Häzirki wagtda 2-nji ligada çykyş edýän “Köln” Dawns (45+10) hem-de Mainanyň (54) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik lewerkuzenliler kynlyk bilenem bolsa ýeňiş gazanmagy başardy. 61-nji minut we 90+6-njy minutlarda tapawutlanan Patrik Şik hasaby deňledi. Goşmaça wagtda-da, has takygy, 98-nji minutda Bonifeýs “Baýere” ýeňiş getiren oýunçy boldy. Çärýek finalyň beýleki 2 duşuşygy (“Arminiýa” – “Werder”, “Leipsig” – “Wolfsburg”) 25-26-njy fewralda oýnalar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm