“Bawariýa” kyn düşmedi we Keýn ilkinji iňlis futbolçysy boldy

“Bawariýa” kyn düşmedi we Keýn ilkinji iňlis futbolçysy boldy

“Bawariýa” kyn düşmedi we Keýn ilkinji iňlis futbolçysy boldy
“Bawariýa” kyn düşmedi we Keýn ilkinji iňlis futbolçysy boldy 6 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Çempionlar Ligasynyň nemes derbisinde “Bawariýa” çärýek finala çykmak kyn düşmedi. 6 oýundan soň “Baýeri” ilkinji gezek ýeňen “Bawariýa” myhmançylykda-da lewerkuzenlilerden üstün çykmagy başardy. 1-nji oýunda jogapsyz 3 gol salan münhenliler bu gezek 2 gol geçirdi. Gollary 52-nji minutda Harri Keýn bilen onuň pasyndan soň 71-nji minutda Alfonso Dewis derwezä girizdi. Keýniň şu möwsümdäki gollarynyň sany 10-a ýetip, ol bir möwsümde muny başaran ilkinji iňlis futbolçysy hökmünde hasaba alyndy. 2 oýnuň netijesi boýunça “Bawariýa” 5-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, bassyr 6-njy, umumylykda-da 23-nji gezek çärýek finala çykdy. 1992/93 möwsüminden öňki ýaryşlary-da hasaba alanyňda 35-nji gezek çärýek finalda oýnar. “Bawariýa” mundan öňem 3 gezek Çempionlar Ligasynda nemes klublary bilen duşuşypdy. 1997/98 möwsüminde çärýek finalda “Borussiýa Dortmunddan” utulan (0-0, 0-1 g.w.) “Bawariýa” 1998/99 möwsüminde “Kaizerslauterni” ýeňip (2-0, 4-0), ýarym finala çykypdy. 2013-nji ýylda finalda-da “Borussiýa Dortmundy” ýeňipdi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm