“Awaza — dostluk mekany” atly halkara festiwal geçiriler
“Awaza — dostluk mekany” atly halkara festiwal geçiriler

Şu ýylyň iýunyn aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler. Halkara festiwalyň esasy maksady dünýä halklaryny türkmen milli tans sungaty we gadymy folklory bilen tanyşdyrmakdan, olary wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm