Amerikaly meşhur aktýor aradan çykdy

Amerikaly meşhur aktýor aradan çykdy

Amerikaly meşhur aktýor aradan çykdy
Amerikaly meşhur aktýor aradan çykdy 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Amerikaly meşhur aktýor, birnäçe ilhalar filmleriň ýyldyzy Wol Kilmer 65 ýaşynda aradan çykdy. Ussat aktýor köp wagtdan bäri düwnük keselinden ejir çekip gelýärdi.

    Amerikaly meşhur aktýor aradan çykdy

    1959-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Los Anjelesde dünýä inen Kilmer 1984-nji ýyldaky “Top Secret!” atly komediýa filmi bilen kino sungatyna aralaşýar. “Hakyky zehin” (Real Genius) filmi bilen adygap başlan aktýora 1986-njy ýyldaky “TopGan” (Top Gun) filmi uly şöhrat getirýär. 1990-njy ýyllardaky “Dors” (The Doors), “Mazardaşy” (Tombstone) western filmi, “Hakyky söýgi” (True Romance) hem-de “Çaknyşyk” (Heat), “Betmen hemişe” (Batman Forever), Maýkl Duglas bilen bilelikde surata düşen “Arwah we tümlük” (The Ghost and the Darkness), “Keramatly” (The Saint), “Birinji görüşde” (At First Sight), “Gyzyl planeta” (Red Planet), 2000-nji ýyldan soň “Alexander”, “Kiss, Kiss, Bang, Bang”, “The Snowman” ýaly filmlerde surata düşýär.

    Amerikaly meşhur aktýor aradan çykdy

     

    80-e golaý filmde, 15-e golaý serialda dürli keşpleri janlandyran aktýoryň soňky ekran eseri 2022-nji ýylda prokata çykan “TopGan: Mawerik” bolupdy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm