Almatyda Türkmen jemgyýetçilik-medeniýet merkeziniň we Gazagystanyň halkynyň assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi
Almatyda Türkmen jemgyýetçilik-medeniýet merkeziniň we Gazagystanyň halkynyň assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar…

30-njy ýanwarynda Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Türkmen jemgyýetçilik-medeniýet merkeziniň 30 ýyllygy, şeýle hem Gazagystanyň halkynyň assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Gazagystanyň halkynyň assambleýasynyň başlygynyň orunbasary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Türki halklaryň medeniýet gaznasynyň prezidenti, Gazagystanyň halkynyň assambleýasynyň etniki medeni merkezleri, Almaty şäher häkimliginiň, Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we KHBS gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri öz çykyşlarynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreler bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmäge oňyn täsir edýän şert hökmünde çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, diňe bir halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň binýady hökmünde dialogy ýola goýmak maksady bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerurlygynyň ykrar edilmeginiň däl-de, eýsem Türkmenistanyň ählumumy garaýşynyň we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar görkezilen wideo şekiller arkaly türkmen halkynyň durmuşy we gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm