ABŞ gümrük nyrhnamasyny girizdi

ABŞ gümrük nyrhnamasyny girizdi

ABŞ gümrük nyrhnamasyny girizdi
ABŞ gümrük nyrhnamasyny girizdi 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    20-nji ýanwarda kasam kabul edip ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişen Donald Tramp Kanada, Meksika we Hytaý ýurtlaryna dürli möçberde gümrük salgytlaryny girizýän resminamalara gol çekdi. Gol çekilen Kararnama görä, Kanadadan we Meksikadan import edilýän harytlara 25, Hytaýdan satyn alynýan harytlara 10 göterim goşmaça gümrük salgydy girizildi. Resminamada Kanadadan import edilýän energiýa serişdelerine has pes – 10 göterimlik salgyt giriziler. Täze düzgüniň 4-nji fewraldan güýje girjekdigi mälim edildi.
    ABŞ agzalýan ýurtlar üçin iň uly hyzmatdaş hem-de öndüren harytlary we hyzmatlary üçin bazar bolup durýar. Hytaý ABŞ-a elektron enjamlary, oýunjaklary we tekstil önümlerini satýar. ABŞ-nyň dokma önümleri importynyň 30 göterimi Hytaýa degişlidir. Maliýe-ykdysady maglumatlary taýýarlamagy bilen tanalýan “Bloomberg Intelligence” kompaniýasy Hytaýdan import edilýän harytlaryň bahalarynyň 2 göterim ýokarlanyp biljekdigini çaklady. Eýýäm käbir kompaniýalar Hytaýdan getirilýän harytlary azaltmaga degişli meýilnama taýýarlap başlandygyny mälim etdi. “Steven Madden Ltd.” geljek bir ýylyň dowamynda Hytaýda öndürilen harytlaryny 40 göterim azaltjakdygyny mälim etdi. Hytaý täze nyrhnamany Bütindünýä Söwda Guramasyna şikaýat etjekdigini mälim etdi.
    ABŞ-nyň gümrük salgydyna Kanada hem jogap berdi. Kanada ABŞ-dan import edilýän harytlara 25 göterim salgyt girizendigini mälim etdi. Kanada ABŞ-a energiýa serişdelerini öndürmek üçin çig mal satýar. Şeýle hem awtoulag we awtoulag şaýlaryny iberýär. ABŞ-ly öndürijiler Kanadadan alýumin hem satyn alýarlar.
    Meksika hem ABŞ bilen söwda gatnaşyklaryna gaýtadan seretmegi meýilleşdirýär. Bu ýurt eksportynyň 80 göterimini demirgazyk goňşusy ABŞ-a amala aşyrýar. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 800 milliard dollar töweregi. ABŞ-nyň awtoulag şaýlarynyň importynyň ýaryna golaýy Kanada we Meksika degişli. Belli amerikan awtoulag brendleri önümçilik babatda bu iki ýurtdan gelýän ätiýaçlyk şaýlaryna garaşly bolmagynda galýar. Şeýle hem ABŞ-nyň ýygnalan awtoulag importynyň ýarysy hem bu iki goňşusyna degişli. Amerikalylaryň import edýän gök önümleriniň ýarysy, miweleriň 40 göterimi Meksikadan getirilýär.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm


    Больше на Kitapcy.su

    Subscribe to get the latest posts sent to your email.