8-nji mart – Halkara zenanlar güni

8-nji mart – Halkara zenanlar güni

8-nji mart – Halkara zenanlar güni
8-nji mart – Halkara zenanlar güni 3 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Her ýylyň 8-nji martynda bütin dünýäde Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Eýsem, zenanlara bagyşlanan güni bellemek haçan we nähili peýda bolduka?
    Bu baýramçylyk 1975-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň karary bilen “Halkara zenanlar güni” adyna eýe bolýar. Emma onuň taryhy has irräk başlaýar.
    1857-nji ýylyň 8-nji martynda ABŞ-da işçi zenanlaryň eden ýörişleriniň hatyrasyna 1910-njy ýylda Kopengagende geçirilen Bütindünýä zenanlarynyň kongresinde Işçi zenanlar güni hökmünde bellenilýär. Ilkinji gezek 1909-njy ýylyň 28-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Zenanlar güni baýramçylyk hökmünde bellenilýär.
    Aýal-gyzlaryň deň hukuklylygyny, erkinligini gorap saklamak maksady bilen döredilen bu halkara baýramçylyk her ýyl bir şygar astynda geçirilýär. Bu ýyl baýramçylygyň şygary – “Ähli aýallar we gyzlar üçin: Hukuk. Deňlik. Güýçlendirmek”. Halkara zenanlar güni mynasybetli BMG tarapyndan dünýäniň birnäçe ýurdunda konferensiýalar, köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Çykyşlarda gozgalýan esasy temalar aýal-gyzlaryň dünýäniň ykdysady ösüşine deň derejede gatnaşyp bilmegi, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin oňaýly şertleri döredip bermek bolup durýar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm