7-nji gezek şol bir toparyň tälimçisi boldy

7-nji gezek şol bir toparyň tälimçisi boldy

7-nji gezek şol bir toparyň tälimçisi boldy
7-nji gezek şol bir toparyň tälimçisi boldy 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Braziliýanyň meşhur klublaryndan “Fluminense” topary tälimçisini täzeledi. 62 ýaşyndaky braziliýaly Renato Gauşo toparyň täze tälimçisi wezipesine bellendi. Tejribeli hünärmen riolylar bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Gauşo 7-nji gezek “Fluminense” toparynyň tälimçisi boldy. Ol soňky gezek 2014-nji ýylda bu topary türgenleşdiripdi. Ilkinjisi 1996-njy ýylda wagtlaýynça bellenilen Gauşo soňlugy bilen 2002-nji ýylyň sentýabryndan 2003-nji ýylyň iýulyna çenli, 2003-nji ýylyň oktýabryndan dekabryna çenli, 2007-nji ýylyň aprelinden, 2008-nji ýylyň awgustyna çenli, 2009-njy ýylyň iýulyndan sentýabryna çenli hem-de soňky gezek 2013-nji ýylyň dekabryndan 2014-nji ýylyň apreline çenli aralyklarda “Fluminense” toparynyň tälimçisi wezipesinde işledi. Ol “Fluminense” toparyna tälimçi hökmünde diňe 1 kubok, 2007-nji ýylda Braziliýanyň Kubogyny gazandyrdy. Gauşo “Gremio” topary bilen Libertadores Kubogyny hem eýeläpdi.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm