48 ýyldan soň finalda oýnar

48 ýyldan soň finalda oýnar

48 ýyldan soň finalda oýnar
48 ýyldan soň finalda oýnar 4 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda PSŽ-niň finaldaky garşydaşy belli boldy. “Reýms” topary ýarym finalda 4-nji ligada çykyş edýän “Kann” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi. Çekeleşikli geçen oýunda “Reýms” toparynyň gollaryny 14-nji minutda Ibrahim, 58-nji minutda Teuma, “Kann” toparynyň ýeke-täk pökgüsini bolsa 52-nji minutda Ndoýe geçirdi. “Reýms” topary 48 ýyldan soň 4-nji gezek finalda oýnar. Olar mundan öň 1950-nji we 1958-nji ýyllarda kubogy gazanyp, 1977-nji ýylda finalda ýeňlipdi. PSŽ bilen “Reýms” toparlarynyň arasyndaky final 24-nji maýda Sen-Denidäki “Stade de France” stadionynda oýnalar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm