43-nji gezek finala çykan “Barselona” “Real Madrid” bilen duşuşar

43-nji gezek finala çykan “Barselona” “Real Madrid” bilen duşuşar

43-nji gezek finala çykan “Barselona” “Real Madrid” bilen duşuşar
43-nji gezek finala çykan “Barselona” “Real Madrid” bilen duşuşar 2 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň ýarym finalynyň jogap oýunlarynda 1-nji duşuşyklaryň netijeleri gaýtalandy. Ýöne bu gezek hasaplar ornuny çalyşdy. 1-nji oýunlarda “Atletiko” myhmançylykda “Barselona” bilen 4-4 deňme-deň oýnapdy, “Real” bolsa myhmançylykda “Real Sosiedady” 1-0 ýeňipdi. Bu gezek “Real” bilen “Real Sosiedad” Sen Sebastianda 4-4 deňme-deň oýnady.

    Ýarym finalyň jogap duşuşygynda-da bolsa  “Barselona” myhmançylykda “Atletikony” 1-0 hasabynda ýeňdi. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 27-nji minutda Ferran Torres geçirdi. Şunlukda, 1-nji oýunda-da 4-4 hasabynda deňme-deň oýnan “Barselona” finala çykmagy başardy. Bu olaryň 43-nji finaly bolup, katalonlar kubogy 31 gezek eýelediler. Bu ugurda iň öňde barýan “Barselona” 11 gezegem finalda utuldy.

    43-nji gezek finala çykan “Barselona” “Real Madrid” bilen duşuşar

    “Barselona” finalda “Real Madrid” bilen duşuşar. Olar soňky sapar Şa Kubogynyň finalynda 2014-nji ýylda duşuşypdylar we madridliler 2-1 hasabynda ýeňipdi. Iki topar şu wagta 7 gezek Şa Kubogynyň finalynda duşuşdylar. Şolarda “Real” 3, “Barselona” 4 gezek üstün çykyp, kubogy eýeledi.

    Finaldaky 8-nji “El Klasiko” boljak Şa Kubogynyň aýgytlaýjy duşuşygy 26-njy aprelde Sewilýa şäherindäki “La Cartuja” stadionynda oýnalar.

     

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm