26-njy martda gowaça ekişine balga berler
26-njy martda gowaça ekişine balga berler

20-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigini, onuň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we Diýarymyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm