24-nji fewral Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni

24-nji fewral Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni

24-nji fewral Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni
24-nji fewral Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    1918-nji ýylyň 24-nji fewralynda Estoniýa Respublikasy Russiýa imperiýasyndan garaşsyzlygyny yglan edýär. Baltika deňziniň kenaryndaky ýurtda garaşsyzlyk ugrundaky synanyşyklar has irki döwürlerde başlaýar. Ýurduň baýdagy 1881-nji ýylda döredilýär. 1917-nji ýylda esaslandyrylan Estoniýa awtonom hökümetiniň wagtlaýyn geňeşi özüniň (estlança: Eestimaa Kubermangu Ajutine Maanõukogu, gysgaça: Maapäev) Estoniýada ýeke-täk hökmürowan güýçdügini yglan edip, ýurdy esaslandyryjy mejlise saýlawlary geçirmäge çagyrýar. Parlament 1918-nji ýylda Garaşsyzlyk jarnamasyny ýaýradýar. Ýurtda eston dili resmi dil diýlip ykrar edilýär.
    Ikinji jahan urşy ýyllarynda Sowet soýuzynyň çägine girizilen ýurt 1991-nji ýylyň 20-nji awgustynda garaşsyzlygyny gaýtadan dikeldýär.
    Estoniýa 2002-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Ýewropa Bileleşigine agza bolýar. Ýewro pul birligini ulanýan ýurduň 1,4 million töweregi ilaty bar.
    Her ýylyň 24-nji fewraly Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni hökmünde giňden bellenilýär.
    Suratda: 1919-njy ýylda Estoniýanyň Garaşsyzlygynyň 1-nji ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabarasyndan pursat.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm