21-nji mart – gije-gündiziň deňleşýän güni

21-nji mart – gije-gündiziň deňleşýän güni

21-nji mart – gije-gündiziň deňleşýän güni
21-nji mart – gije-gündiziň deňleşýän güni 6 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Nowruz baýramy irki döwürlerden bäri, esasan, gündogar ýurtlarynda bellenilip geçilýär. Bu baýramyň 21-nji martda bellenmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi, 21-nji martda gije bilen gündiz deňleşýär. Irki döwürlerde ulanylan Şemsi (Gün) senenamalaryň köpüsinde 21-nji mart ýylyň ilkinji güni hasaplanypdyr. 22-nji mart bolsa, ylmy taýdan baharyň ilkinji güni hasaplanýar. Bahar, tomus, güýz we gyş pasyllary adatça, Ýeriň demirgazyk ýarym şaryna mahsus hasaplanýar. Pasyllar günorta ýarym şarda tersine bolýar – güýz bilen ýaz, gyş bilen tomus ýerine çalyşýar. Mysal üçin Antarktikada iýun, iýul, awgust aýlary gyş pasly hasaplanyp, şol ýerde ýylyň iň sowuk döwri bolýar. Senenama görä, bahar 1-nji martda başlanýan hem bolsa, ylmy taýdan 21-nji martda ýaz paslyna girilýär.
    Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna, Ýere Günüň şöhlesiniň düşüş dikligine baglylykda ýylyň dowamynda dört sany esasy gün bar. Bu günler pasyllaryň çalyşýan günleri hasaplanýar. 21-nji hem-de 23-nji sentýabr gije bilen gündiziň deňleşýän günleridir.
    21-nji dekabr iň uzyn gije, iň gysga gündiz hasaplanýar. 21-nji iýun bolsa, iň uzyn gün, iň gysga gije bolýar.
    Gije bilen gündiz ýylyň dowamynda iki gezek deňleşýär – 21-nji martda hem-de 23-nji sentýabrda.
    21-nji martdan soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
    21-nji iýun: iň uzyn gün, iň gysga gije. Bu seneden soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Demirgazyk polýusda alty aýlap Gün batmaýar, Günorta polýusda alty aýlyk gije başlanýar.
    23-nji sentýabrdan soňra gündiz gysgalyp başlaýar.
    21-nji dekabr: Iň uzyn gije, iň gysga gündiz. Bu seneden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
    3–4-nji ýanwar: Ýeriň Güne iň ýakynlaşýan wagty.
    4–5-nji iýul: Ýeriň Günden iň daşlaşýan wagty.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm