1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji film

1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji film

1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji film
1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji film 6 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Mundan 27 ýyl ozal şu gün, ýagny 1998-nji ýylyň 1-nji martynda “Titanik” filminiň prokatlardan toplany 1 milliard dollardan geçdi. Ussat režissýor Jeýms Kameronyň surata düşüren bu filmi girdejisini 1 milliard dollardan geçiren ilkinji kino hökmünde hasaba alyndy. 1997-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ekranlara çykan film 70 günden soň 1 milliard dollar girdejä ýetdi. Film üçin 200 million dollar çykdajy edilip, ol soňlugy bilen, 2 milliard 264 million dollarlyk kassa ýygymyny toplady. Umumy sanawda 4-nji orunda barýan filmde baş keşpleri Leonardo DiKaprio bilen Keýt Winslet janlandyrýar.

    Titanic 19 Zaman Türkmenistan 1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji film

    Angliýadan ABŞ-na tarap ugran ullakan ýolagçy gämisiniň Atlantik ummanynda äpet bu bölegini kakyp, heläkçilige uçramagyny beýan edýän film 2012-nji, 2017-nji hem-de 2023-nji ýyllarda-da gaýtadan kinoteatrlarda görkezip, girdejisine girdeji goşupdy.

    titanic james cameron door 020223 3 585076ce1fbf40a090f7ae1a4f8ef8ee Zaman Türkmenistan 1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji film

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm