Araçy (Hekaýa)

Araçy (Hekaýa)

Taken ALIMKULOW,
gazak ýazyjysy

Abaýyň gözi oýluk ýerden taýçanagyň ýüpünden tutup, ony idip, atyny öňürdikledip gelýän çapyksuwara düşdi. «Allajanlarym, kimkä bi?» — diýip, ol haýran galmak bilen oýlandy. Ol şobada taýçanakly atlynyň yzyndan ýetmäge howlugýan ýene-de bäş atlyny gördi. Ýöne gaçgagyň yzyndan ýeteňkirläberenlerinde, bäş atly jylawy çekibräk, atlaryny öz maýdalyna goýberdiler. Ýiti gözli Abaý ýagdaýa dessine düşündi. «Haýyn kowguçylar gaçgagy ýalňyşdyrjak bolýarlar». Taýçanagy idip, çapyp barýan atly bolsa, atynyň böwrüne gaty-gaty debsiläp, ony barha gyssaýardy. Abaýa gözi düşensoň, ol onuň ýanyna baryp, atdan böküp düşdi-de, birdenkä aýagyna ýykylyp, gyssanmaç gepläp başlady:

— Kunanbaý oglunyň ýanyna ýetmän ölermikäm öýtdüm. Ýöne Hudaý halan ýerim bar eken!..

Onýança ýaňky bäş atly hem gelip ýetdi. Olaryň biri, megerem, ulusy bolsa gerek, Abaýa salam berdi:

— Essalawmaleýkim!

Beýlekilerem bir-birinden öňürdip, oňa goşuldylar. Ýöne Abaý olaryň salamyny almady. Ol egninden typyp gaçjak bolup duran, ýelbegeý atynan ýüpek donuny eli bilen tutup durşuna, garasöýmezlik bilen olara gözüniň gytagyny aýlady.

Toparbaşy ony duýdy-da, dogumly öňe omzady:

— Näme agzy mumly ýaly bolup dursuň, belkem, jigitleri äsgermejek bolýansyň?

Edil şol wagt Abaý bir ertekini hakydasyna getirdi, şonda bir ýola çagalar bir goja sowal beripdirler: «Nä sebäpden biz ilki salam bermeli? Hemmämiziň ýaşymyzy goşsak, biz sizden uly bolýas ahyryn».

Abaý öz ýanyndan ýylgyrdy-da, ötegçilere sowuklaç garanyna ökündi. Üstesine-de, ol toparbaşyny tanapdy. Ýöne boýun synasy gelmedi:

— Seňirbaý, sen çemenlikleriňem her gezek täzeden gök salýanyny bilip goýsaň ýagşy. Salamlaşmagyňam her hili ýoly bar ahyryn.

Seňirbaý ýoldaşlaryna tarap öwrülip, wäşilik bilen ýüz-gözüni oýnatdy:

— Aý-ýaý! Biz bolsa Mekge-Medinede metjit gurduran goja Kunanbaýyň ogly bilen diňe «Izdraste gospodin!» diýip salamlaşmalydygyny unudypdyrys.

Abaý çyndan gaharlandy. Ýüzi edil gurum çalnan ýaly garört boldy:

— Kunanbaý gamçy bilen gopbamsylaryň temmisini berýärdi, onuň bu hereketini atdan düşmän goldardylar. Men bolsa olary it ýaly işledilýän ýere kowýan. Sen haýsyny saýlaýaň?

Abaýyň gazan ýaly kellesi edil egniniň üstünde oturdylyp, boýny görnenok diýen ýalydy. Ol kellesini aýlanda, bitginli göwresi hem bile aýlanýardy. «Edil Kenesary (Kenesary — soltan, 1841-nji ýyldan Gazagystanyň orta juzynyň hany, Ablaý hanyň agtygy.) ýaly hyrsyz» — diýip oýlanan Seňirbaý atdan düşdi-de, ylalaşyjy äheňde şeýle diýdi:

— Hoş sözüňi gysganýan bolsaň, eliňi bir ber-dä. Menem tulparyň toýnagyna elimi degirdim diýip hasap ederin.

Abaý eserdeňlik bilen jigide syn edip otyrdy. Bäh, bu sähraýy gazaklaň gylyk-häsiýetlerem üýtgäp dur-da! «Ýüpüniň üstünde odun goýar ýaly däl» diýip, rast aýdypdyrlar. Seňirbaý ýalylara dostuň bolsa-da, duşmanyň bolsa-da bil baglap bolmaz. Olaryň batyrlygy ýerliksiz öwünjeňlikden gopbamlyga çenlidir. Ýalňyz ýolagçynyň telpegini alyp gaçarlar, yzyndan kowup ýetäýselerem, oýun etdim diýerler. Bular ýalydan hiç haçanam tamaň çykmaz.

Ýok, beýle adamlaryň biperwaýlygy Abaýyň maňzyna batanok. Her niçik-de bolsa, onuň gahary birneme ýatyşdy. Seňirbaý amatly pursatdan peýdalanyp, söze başlady:

— Gark bolup barýan kişi suwuň ýüzündäki samandan dalda islär diýipdirler. Murateli, sen kimden haraý isläp, bu ýere gaçyp geldiň? — diýip, ol taýçanagy idip gelen atla ýüzlendi. — Wah, seni galmaz ýaly edip, Kunanbaýyň ruhy ursun-da! Taýy ber bärik!

Abaý ýüzüni çytyp, janyýangynly gürledi: «Haýsydyr bir gotur taýçanak diýip atlary şeýle daljykdyrmak bolarmy!».

Soňky ýyllar şular ýaly işler bilen Abaýyň ýanyna gelip gidýänleriň sany barha artýardy. Tutuş gylýal sürüsi barada maslahat soramaga hem gelerdiler. Uly jedelleri çözmek gyzyklydy. Bu ýerde dilewarlygyň, kanunlardan habarlylygyň bilenem tapawutlansa bolýardy. Tokludyr goýunlar baradaky jedellerden welin, Abaý gaçarak durýardy, bular ýaly dawalar kör-köpüge-de degenokdy.

Şu gün säher bilen öz «Wesýetnamasyndan» nobatdaky dana jümleleri okap, Abaý sähralyga çykdy. Esli salym gezmeländen soň, çeşmäniň boýuna bardy, ol ýerde-de şu atlylara gabat geldi. Seňirbaýyň ýanyndakylary tananokdy, ýöne welin, taýçanagy idip gelen atlynyň ýuwaşdan asylly kişidigini şobada kesgitledi. Abaý sähralylaryň üýtgäp durýan gylyk-häsiýetlerine bil baglamasa-da, özi hem sähra ogludy, gylygy edil ýaz howasy ýaly durnuksyzdy. Käte ol haýsydyr bir ugursyz zada hem duýgudaşlyk bilen seslenýär, kä pille bolsa ony gepledibem bolanokdy. Ynha, ol häzirem birdenkä ýylgyrdy-da, şeýle diýdi:

— Jenaplar, ýörüň öýüme baralyň, şol ýerde-de gürleşeris.

Ol howlukman obanyň çetindäki öýe tarap ýöneldi. Dawagärlerem onuň yzyna eýerdiler. Seňirbaý Abaýyň söbügini sydyrdyp barşyna, oňa seredip, keýpi göterilýärdi, ýöne şol bir wagtyň özünde-de, bu süňkbaşy iri kişiden birneme eýmenýärdem. Abaýyň öýüne birugsat girmäge hiç kes milt edip bilenok diýýärler. Zerur adamlaryny onuň jigidi alyp gelýär eken. Seňirbaý çep gaşynyň çekip tirpildeýänini duýdy. Syrly dananyň bosagasyndan ätlänsoň, ol oýlandy: «Eýgiligemikä bi?».

Orta ululykdaky öý birkemsiz bezelipdir. Ýüz görülýän aýnanyň ýanyndaky sütünjik açyk reňke boýalypdyr, onuň ýanynda üsti tertiplenip goýlan kitaply tegelek stoljuk, kitaplaryň gapdalynda syýadan dur. Öýüň içinde elde dokalan gymmatbahaly halylar we düşekler bir-birine, şeýle bir gysby ýanaşyk düşelipdir welin, arasyna iňňe dürtübem boljak däl. Seňirbaý: «Baýlyk diýibem şuňa diýäýseň! Bularyň bary halkyň gerdeninde gazanylan ahyryn!» — diýip oýlandy.

Abaý ýapynjasyny sütünjikden asdy-da, giň agaç ýatalganyň üstünde oturdy.

— Hawa, jenaplar, gulagym sizde!

Murateli öňe geçdi-de, Abaýyň öňünde çök düşüp oturdy, ýöne Seňirbaý gamçysyny öýüň ortarasynda goýup, ynamly gürledi:

— Söze ilki bolup men başlamaly!

Ýuwaştap Murateli sagyndy, mor murtly Seňirbaý bolsa it ýylgyryşyny etdi: «Men öňürtdim! Nämäni we nädip aýtmalydygyny özüm gowy bilýän!». Ýöne muňam şo wagt çöküne düşenini gören Abaý berk talap etdi:

— Ýarak köpek ýaly adama topulyp durma-da, gepiňi düşündir!

Seňirbaý zeýrenmekden başlady. — Çarwalar gün-güzeranyny zordan dolaýalar, ekerançylar bolsa gurat ýaşaýalar… Abaý sagadyna seretdi:

— Hany, gepiňi çugdamlasana!

— Gepiň külesi, öten ýyl men baýtalçamy dänä çalyşdym. Öýümem çül-çagadan doly. Iň bärkisi kepegem tapdyranok, aňyrsyna bir zat atmasalar, aç-hor bolýalar. Ynha, şu Murateli welin ýüzüni çytman, meniň baýtalçamy galla berip aldy. Ol bogazdy ahyryn. Gulunlansoň, onuň edil şu wagtam howluda duran taýçanagyny welin, maňa gaýdyp bermedi.

— Başda nähili şertleşipdiňiz — diýip, Abaý sowal berdi.

— Bular ýaly açyk-aýdyň işde hem bir şertleşmek bolarmy? — diýip, Seňirbaý soraga sorag bilen jogap gaýtardy.

Abaý ýazykla seretdi. Murateli howlukman gürledi:

— Bu ýerde bir düşünişmezlik bar…

— O nähili düşünişmezlik?

Murateli ýene-de sagyndy. Şondan soň Abaý Seňirbaýa ýüzlendi. Ol hem mynny-mynny edip, düşnüksiz hümürdedi. Sabyr käsesi pürepür bolan Abaýyň gahary geldi:

— Näme, diliňizden daş asyldymy? Näme meniň başymy agyrdýaňyz?

Akyldaryň gözleri gazapdan ýaňa has-da petredi. Onuň elhenç görnüşinden gorkan Seňirbaý öz ýalňyşyny boýun aldy:

— Rus kanunlary biziň meselelerimizi çözüp bilermikä, ana, şony biz bilemzokda?

Abaý «Muňa rus kanunynyň näme dahyly bar?» diýip oýlandy. Ol birdenkä rusça pikirlenýänini duýdy. Onda şeýle endik bardy. Hatda käte geplände-de, ýazanda-da rus sözlerini goşardy. Bu endik diňleýjilere ýaramaýardy, ýöne Abaý kesekiniň pikirine üns bermezlige öwrenişipdi.

Ynha, häzirem ol özi duýmazdan iki dilde oýlanýardy. Ahyry ol Seňirbaýyň nämäni göz öňünde tutýanyna düşündi. Dawagäriň diýýän «rus kanunyny» Abaýyň hut özi işläp taýýarlapdy. Bu şeýle bolupdy: rus-türk kampaniýasyndan soň, harby general-gubernator Abaý Kunanbaýewe rus kanunynyň taslamasyny ýazmagy tabşyrypdy. Onuň halkyň arasyndaky abraýy örän uludy. Kanun kabul edildi. Emma gazaklar, barybir, Abaýyň ýazan kanunyna däl-de, onuň özüne has beter ynanýardylar. Abaý kanuna hertaraplaýyn çemeleşip bolýandygyny gaty gowy bilýärdi. Edil aýagy bagly gyrgynyň dik göge galyp bilmeýşi deýin, kanunlaryňam çäklendirilendigine düşünýärdi. Ol eger-de adam gabahat iş edýän bolsa, ony şoňa iterýän jemgyýet günäkär diýen pikiri kanunyň taslamasyna girizip bilmedi. Ýöne şol nukdaýnazary öz ýanyndan kanundan ýokary saýýan «Wesýetnamasyna» goşdy. Suhangöýlik sungaty kanuny dogry düşündirmek üçin gerek ahyryn. Şeýle bir işler bolýar, eger olara kanundan ugur alyp jikme-jik garasaň, petige direlmegiňem ahmal…

Abaý bosaganyň ýanynda oturan jigide yşarat etdi:

— Gymyz getir, şähdimiz açylar ýaly. Şondan soň meseläni jikme-jik düşündiriň.

Seňirbaý okarasynyň boşaryna mähetdel, ýene-de gymyz içýärdi. Aram-aram hiç kime duýdurman, jalbarynyň kemerini gowşadýardy. Onuň garny edil çişirilen şar ýaly, arkasyna aýlanyp gidipdi. Arasynda gymza batan murtuny lezzet bilen ýalap, ýeserlik bilen ony birneme towlap goýberýärdi. Ol Abaýa doly ynanýardy: «Ýagşy adamyň ogly hemme zady oňyn çözer».

Saçagy ýygnanlaryndan soň, ol şeý diýdi:

— Jenap Abaý, indiki hepdede bize myhmançylyga geliň, taý soýup, söwüş edeýin.

— Şol howluda duran taýymy? Ol entek seniňki däl ähbetin — diýip, Abaý ony duzlady.

— Ýok, ýok, myhmanlar üçin başga mal tapylar. Şol howluda duran taý gowy tohumdan, ony başga zada niýetleýäs.

— Tohum taý diýýäň-dä, eýsem? — diýip, Abaý ýene-de ýatalganyň üstünde oturdy.

Seňirbaý öz-özüne käýindi: «Lakgy diliňe öz wagtynda buýrup bilmediň!».

— Ol taý öýde idedilen, ony heniz enesiniň garnyndaka ogurladylar, hut şonuň üçinem ondan jyda düşmek gaty kyn — diýip, ol howlukmaç düşündirmäge başlady.

Abaý, barybir, jedel çözülmedi diýen netijä geldi.

Şondan soň Seňirbaý ara näme üçin tow düşendigini düşündirdi. Ol Murateli bilen şeýle şertleşipdir, eger erkek taý dogsa, onda Murateli ony Seňirbaýa gaýtaryp bermeli. Eger-de baýtal dogsa, özüne galdyrmaly…

Abaý dykgat bilen Muratelä seretdi:

— Taýy Seňirbaýa gaýtaryp ber!

Murateli:

— Siz maňa bir sözem aýtdyrmadyňyz — diýip arz etdi.

— Meň üçin seniň diliň däl-de, bolşuň gürleýär. Şunlukda, jedeli bes edýäs.

Abaý ýerinden turdy.

— Tagapyl ediň, jenap Abaý, bir pursat sabyr ediň — diýip, Seňirbaý henizem köşeşip bilenokdy. — Men aýtjak zadymy ahyryna çenli aýdaýyn-da.

Abaý gaýtadan ýerine geçdi. Seňirbaý bolsa dilewarlygyna bil baglap, gürrüňe başlady. Ol uzak hem manyly gürledi. Gadymy däp-dessurlardan başlap, rowaýatdyr kyssalardan gür berdi. Häzirki durmuşyň üýtgäp durýandygy, ähtibarsyzlygy hakda birsalym pelsepe öwürdi. Abaý: «Sürüp gelýäniň-ä alty geçi welin, sykylygyň ýeri ýaraýyn diýýä» diýmäge häzirlendi, emma Seňirbaý ondan öňürtdi: «Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar».

Şeýdip Abaý Seňirbaýyň irginsiz gürrüňiniň ahyryna çenli sabyrlylyk bilen diňledi.

Akyldar içinden «Sen wyždan ejrini çekýäň öýdän» diýdi.

Dawagär Abaýyň çözgüdi barada hiç bir zat aýtmady — bir ondan, bir mundan gep urdy. Abaý: «Bu näme diýjek bolýarka?» diýip ýassyga ýaplandy-da, ynjalykly ornaşdy. Seňirbaý çendenaşa köp geplänine düşündi-de, sözüni jemlemegi makul bildi. Kazybek hanyň betnebislik bilen toplan baýlygyny ýatlady. Abaý «Beýdip otursaň, Kunanbaýa-da dil ýetirseň gerek» diýip, kinaýaly gülümjiredi. Emma Seňirbaý derrew aňynda aýlap, bu tireden sowa geçdi-de, nakyllardyr atalar sözüne tutdurdy.

Abaý çydap bilmän:

— Bu könelişen ertekileň nämä derkar? Gowusy, gürrüňiň özenine geçsene — diýdi.

Seňirbaý bolsa barha gyzdy. Gaharlanyp özüniňem bihal nesilden däldigini, öz paýyna-da käbir zatlaryň düşendigini, ata-babalarynyňam dilewarlykda bütin ülkede belli bolandyklaryny subut edip başlady. Soňra köşeşdi:

— Murateli bizden gaçmaly däldi. Biz güýç ulanman, ony söz bilen boýun egdirjekdik.

Abaý:

— Eý, Seňirbaý, sen taýy alyp, maksadyňa ýetdiň ahyryn. Indi nämä gynanýaň — diýip sorady.

— Sözümi soňlamaga maňa puryja ber-dä…

Ol ýene-de gepläp başlady, uzak wagtlap öňküsi ýaly, yzy tükenmeýän dilewarlyk bilen gürledi.

Abaýyň sabyr-takady galmansoň, içinden oýa batdy: «Men nä sebäpden bu ýaňrany diňlemegi boýun aldymkam!».

Ahyry Seňirbaýyň sesine suw sepilen ýaly boldy.

— Be, gutaraýdyňmy? — diýip, Abaý ýüzüni galdyrdy.

— Hawa, gepimi tamamladym!

Şol wagt Abaý Muratelä garap şeý diýdi:

— Taý seniňki! Gutarnykly çözgüt şeýle!

— Adyl çözgüdiň üçin sag bol, jenap.

Seňirbaý ör-gökden geldi:

— Jenap Abaý, bu nähili beýle bolýa? Bir meýlisde iki toý diýleni boldy-la…

Abaý ýerinden turdy-da, eýläk-beýläk gezim etdi, jübüsinden gapaklyja sagadyny çykardy.

— Dogry, bir meýlisde iki toý bolmaýar — diýip, sagadyna seretdi-de, ýene-de jübüsine saldy. — Sen öz jedeliňi dawa bilen utdurdyň. Hiç haçan mälim zady subut etjek bolup durmazlar. Indi taýçanagam edil asmandaky ýyldyzlar ýaly, senden juda uzakda!

Seňirbaý ýene-de bir zatlary subut etjek bolup, ýalbaryp haýyş edip başlady, ýöne Abaý öňki sözüni gaýtalady:

— Aýdyldy — gutardy, söz sözdür — diýdi-de, awuna topuljak bürgüt ýaly dim-dik boldy.

Seňirbaý umydyny üzüp, dyzlaryny ýumruklady:

— Indi dostlarym-a gülşerler, duşmanlarymam heşelle kakarlar! Bu nähili masgaraçylyk!

— Bar bela hem biziň diňe öz dilimize bil baglaýanlygymyzda. Şuňa her gezek göz ýetirmek maňa hemişe-de agyr degýär — diýip, Abaý stoljugyň üstünde ýatan kitaby aldy-da, öýden çykdy.

Ol goja kişilere mahsus haýaljak ädimler bilen howlukman, çeşmä tarap ýöneldi.

«Dünýä edebiýaty»

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW,
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle