Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan filmiň artistleri belli boldy, ýene-de hemme ýyldyz jemlenýär

Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan filmiň artistleri belli boldy, ýene-de hemme ýyldyz jemlenýär

Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan filmiň artistleri belli boldy, ýene-de hemme ýyldyz jemlenýär
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan filmiň artistleri belli boldy, ýene-de hemme ýyldyz jemlenýär 8 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Avengers: Doomsday” filminiň kastingi belli boldy.  Marvel Studios-yň bu täze ekran eserine ozaldan belli bolşy ýaly, Jou we Antoni Russo doganlar režissýorlyk ederler. Bilşiňiz ýaly, olar “Avengers: Infinity War” hem-de “Avengers: Endgame” filmlerini-de surata düşüripdiler. Täze filmde Robert Dawni Junior hem dolanyp, ol Demir adamyň däl-de, otrisatel gahryman Doctor Doom-yň keşbin bilen gaýdyp gelýär. “Marvel”-iň kinematografik äleminde ozaldan bäri Toruň keşbini janlandyrýan Kris Hemswort, Lokiniň keşbindäki Tom Hiddelstoun, täze Kapitan Amerikanyň keşbinde Antoni Meki, Winter Soldier-iň keşbindäki Sebastian Stan, Ant-Manyň keşbindäki Pol Rudd dagy bu kinoda-da surata düşerler.

    Olaryň hataryna “X-Men” filmleriniň gahrymanlary janlandyrýan Patrik Stýuwart (Professor X), Iýn MakKellen (Magneto), Jeýms Marsden (Cyclops) hem-de Rebekkca Romiýn (Mystique) dagy hem bu filmiň kastingine goşuldy. Şol bir wagtyň özünde X2: X-Men United’ filminiň ýyldyzy Alan Kamming (Nightcrawler), şeýle-de, Kelsi Grammer (Beast), “Deadpool&Wolverine” filminde Gambitiň keşbinde surata düşen Çanning Tatum, “Fantastic Four: First Steps” filminiň baş gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetiren Pedro Pascal (Mr. Fantastic), Wanessa Kirbi (Invisible Woman), Ýosef Kuinn (Human Torch), Ebon Moss-Bahrah (The Thing), öňzümizdäki günlerde ekranlara çykjak “Thunderbolts*” filminiň kastinginden Florens Pýu (Ýelena Belowa), Dewid Harbor (Red Guardian), Waýatt Rassell (U.S. Agent), Hanna Jon-Kamen (Ghost), syrly, “Bob”-y janlandyrýan Lýuwis Pullman, “Gara Pantera: Wakanda hemişelik” (Black Panther: Wakanda Forever) filminiň ýyldyzy, ýaş aktrisa Letitia Raýt (Black Panther), Winston Dýuk (M’Baku), Tenoh Huerta Mehia (Namor), Simu Liu (Shang-Chi) täze filmde orun alar.

    Möý adamyň keşbini ýerine ýetirýän Tom Holanndyň ykbaly häzirlikçe belli bolman, ozalky Kapitan Amerikanyň keşbini janlandyran Kris Ewansyň hem iň bolmanda iki “Avengers” filminiň haýsy hem bolsa birinde surata düşmegine garaşylýar.

    “Marvel” kinematografik älemini täzeden janlandyrjak “Avengers: Doomsday” filmi 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda, onuň dowamy bolan “Avengers: Secret Wars” filmi-de 2027-nji ýylyň 7-nji maýynda ekranlara çykar. Bu iki film hem “Marvel” kinematografik äleminiň 7-nji tapgyrynyň iň esasy 2 filmi bolar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm