Taryhy ýeňlişden soň, tälimçi ugradyldy

Taryhy ýeňlişden soň, tälimçi ugradyldy

Taryhy ýeňlişden soň, tälimçi ugradyldy
Taryhy ýeňlişden soň, tälimçi ugradyldy 3 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Dünýä Kubogynyň 5 gezek eýesi, Dünýä futbolynyň iň öňdebaryjy ýygyndylaryndan Braziliýada soňky ýyllarda tälimçi meselesi dowam edýär. Soňky ýyllarda ibaly tälimçä duşmadyk Braziliýanyň milli ýygyndysy Dünýä Kubogy 2026-nyň çäginde myhmançylykda Argentinadan uly hasap bilen, 4-1 hasabynda utulmagyndan soň, Doriwal Junior wezipesinden boşadyldy. Aslynda, ol duşuşykdan soň bar jogapkärçiligi öz üstüne alyp, wezipesinden gitmekçi däldigini aýdypdy. Ýöne köne bäsdeşiden 62 ýyl soň uly hasap bilen utulmagy onuň topardaky soňky duşuşygy boldy. Braziliýanyň ýygyndysy onuň tälimçiliginde 16 oýunda 7 gezek ýeňiş gazanyp, 7 oýunda-da deňme-deň oýnady we bary-ýogy 2 duşuşykda hem utuldy. 63 ýaşyna golaýlap barýan Doriwal Junior 2024-nji ýylyň ýanwarynda bu wezipä bellenipdi.

    Ýurduň futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary täze tälimçiniň gözlegine çykdylar. Doriwalyň ornuna Karlo Ançelottiniň ady tutulýar. Italýan tälimçi bilen öňe taraplar gepleşikler geçiripdi. Şol sanda Pep Guardiolanyň, Žorže Žeşuşyň hatda häzirki wagtda “Flamengo” toparyna tälim berýän, ýaş hünärmen, bu klub bilen gysga wagtda 3 kubok gazanan Filipe Luisiň hem ady agzalýar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm