Arassa energiýada rekord
Arassa energiýada rekord

Dünýäde geçen ýyl energiýanyň arassa çeşmelerinden alynýan möçberi rekord derejede artdy. Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň (IRENA) maglumatyna görä, geçen ýyl bu ugurda 15,1 göterim ösüş gazanylyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalarynyň umumy önümçilik kuwwaty 4 müň 448 gigawata ýetipdir. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda täze işe girizilen energiýa desgalarynyň umumy önümçilik kuwwaty 585 gigawat bolup, onuň 92,5 göterimini arassa çeşmelerden alyndan energiýa emele getiripdir. Agzalýan döwürde işe girizilen gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalarynyň 96,6 göterimini Gün we ýel energiýasy emele getiripdir. Gün energiýasynda 32,2 göterim ösüş gazanylyp, önümçilik kuwwaty 1865 gigawata ýetirilipdir. Ýel beketlerinden alynýan energiýa 11,1 göterim artypdyr.
Sebitler nazarda tutulanda Aziýada has köp ösüş hasaba alnypdyr. Bütin dünýäde täze işe girizilen gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalarynyň 64 göterimi Hytaýa degişli bolupdyr. Bu görkeziji G7 ýurtlarynda 14,3 göterim, G20 ýurtlarynda bolsa, 90,3 göterim bolupdyr.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşiniň möçberiniň 2030-njy ýyla çenli üç esse artdyrylmagy maksat edinilýär. Bu maksada ýetmek üçin her ýyl 16,6 göterim ösüş gazanylmagyna zerurlyk duýulýar. Soňky birnäçe ýyldan bäri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşiniň ösüşinde täze rekord goýulýar.
Ejegül Orazowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm