Türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk görülýär

Türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk görülýär

Türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk görülýär
Türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk görülýär 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini, şol sanda Rumyniýa bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm