Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik çäresi geçiriler
Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik çäresi geçiriler Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik çäresi geçiriler 2025-03-29 5 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp
Aprel aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine, Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm