Reňk­ler barada gyzykly maglumatlar

Reňk­ler barada gyzykly maglumatlar

Reňk­ler barada gyzykly maglumatlar
Reňk­ler barada gyzykly maglumatlar 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    • Iň­lis fi­zi­gi Isaak Nýu­ton 1665-nji ýyl­da «reňk­li ti­gir» oý­lap tap­ýar. 7 reňk­den yba­rat hal­ka gy­zyl bi­len baş­la­nyp (mä­mi­şi, sa­ry, ýa­şyl, gök, sy­ýa), ma­wy reňk bi­len jem­le­nip­dir.
    • 1840-njy ýyl­la­ra çen­li gy­zyl reňk­li ge­lin ly­bas­la­ry meş­hur bol­ýar. Şa ze­na­ny Wik­to­ri­ýa ak reňk­li toý ly­ba­sy­ny ge­ýip, tä­ze toý dä­bi­ni ýo­la goý­ýar.
    • Köp adam­da bo­lup ge­çen wa­ka­la­ry reňk bi­len bag­la­nyş­dyr­mak duý­gu­sy bar. Mu­ňa reňk fo­bi­ýa­sy di­ýil­ýär. Şeý­le adam­lar bir reň­ki gö­ren wag­ty be­ge­nip ýa-da başgasyny gö­ren­de gy­na­nyp, how­sa­la­ly ýag­da­ýa dü­şüp bil­ýär.
    • Ça­ga­nyň il­kin­ji saý­gar­ýan reň­ki gyzyl bo­lup, gör­şi we beý­ni­dä­ki nerw da­mar­la­ry­ny ös­dür­ýär.
    • Öküz­ler as­lyn­da gy­zyl reň­ki ýig­ren­me­ýär­ler. As­lyn­da öküz is­len­dik he­re­ke­te ga­har­la­nyp bil­ýär.
    • Gül­gün kö­şeş­di­ri­ji reňk ha­sap­lan­ýar. Bu reňk köp­lenç sag­lyk eda­ra­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Çalt ga­har­lan­ýan adam­la­ra gül­gün gül­le­re ýa-da şol reňk­dä­ki di­war­lyk­la­ra se­ret­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
    • Gök bü­tin dün­ýä­de iň ha­lan­ýan reňk ha­sap­lan­ýar. Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan bu reňk köp­lenç hal­ka­ra söw­da eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ula­nyl­ýar.
    • Sa­ry we gy­zyl reňk iýip-iç­mä­ge bo­lan is­leg duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Şol se­bäp­li ma­ha­bat we res­to­ran be­zeg­le­rin­de bu iki reň­kiň saz­la­şy­gy köp ula­nyl­ýar.
    • Ga­ra reňk­li egin-eşik, ýag­ny ga­ra reňk­li köý­nek, pen­jek we jal­bar ada­my sa­ly­hat­ly hem-de ba­şar­nyk­ly gör­kez­ýär. Ýew­ro­pa­da ga­ra egin-eşik­le­ri geý­ýän­le­ri «güýç­li adam» ha­sap­la­ýar­lar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm