«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Balkan welaýatynda çykyş edýär
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Balkan welaýatynda çykyş edýär

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gyzykly, şowhunly göçme çykyşlary dowam edýär. Bu özboluşly baýramçylygy Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilelikde guraýarlar.
Ýokary derejede ýaýbaňlandyrylan göçme çykyşlary welaýatyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berýär. Ajaýyp şüweleňde hokgabazlaryň, akrobatlaryň, masgarabazlaryň çykyşlary has-da gyzykly bolýar. Şonuň ýaly-da dile düşünýän maýmynjyklar topary, girdeneje at bilen guralýan oýunlar, halkalaýyn çykyşlardyr beýleki çäreler sirk janköýerlerinde çäksiz täsirleri galdyrýar.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň her bir çykyşy hem tomaşaçylar tarapyndan bimöçber buýsanç, egsilmez hoşallyk duýgulary bilen garşylandy. Sirk ussatlarynyň döredijilikli erk edýän behişdi bedewleriniň sazlaşykly, owadan hereketleri, merdana ýigitleriň görkezýän dürli oýunlarydyr çylşyrymly tilsimleri, okdurylyp ýüwrüp barýan bedewleriň üstündäki dogumly ýigitleriň emele getirýän özboluşly piramidasy bolsa «Türkmeniň ak öýi» binasynyň 3 müň orunlyk tomaşa zalyny dolduryp oturan janköýerleriň şowhunly, dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp bolýar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm