Täze jandarlar tapyldy
Täze jandarlar tapyldy

Portugaliýaly alymlar Antarktikada ylmy barlaglary geçirýän mahaly äpet buz böleginiň döwülmegi netijesinde buzasty suwy ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik aldylar. «Falkor» atly gäminiň ekipažy uzynlygy 30 kilometre barabar bolan äpet buzuň döwülmegi bilen onuň aşagyndaky suwuň çuňluklaryny barladylar. Mundan ozal bu ýerde hiç hili ylmy-barlag geçirilmändir. Uzakdan dolandyrylýan enjamlar bilen geçirilen gözlegleriň netijesinde, ol ýerde äpet deňiz möýleriniň, osminoglaryň, aşa sowuk suwda ýaşaýan balyklaryň, merjenleriň we beýleki jandarlaryň bardygy anyklanyldy. Olaryň arasynda küýze şekilli jandar hem bar. Portugaliýanyň Aweýru uniwersitetiniň ylmy işgäri Patrisiýa Sketç ol ýerdäki baý ekoulgamy görenlerinde örän haýran galandyklaryny belleýär. Alymlar ylmy barlagy dowam etjekdiklerini we jandarlaryň täze görnüşleriň tapylyp bilinjekdigini belleýärler.
Aýsoltan URAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm