Suw festiwaly geçiriler

Suw festiwaly geçiriler

Suw festiwaly geçiriler
Suw festiwaly geçiriler 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Ýa­şaý­şyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýan su­wa uly sar­pa go­ýul­ýar. Köp mil­let­ler­de suw bi­len bag­ly yrym-ynanç­lar, däp-des­sur­lar bar. Tai­land­da bol­sa, her ýy­lyň ap­rel aýyn­da suw fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär. «Songk­ran» at­ly bu da­ba­ra üç gün do­wam ed­ýär. Bu fes­ti­wal­da suw bi­len bag­ly bir­nä­çe çä­re­ler ge­çi­ri­lip, ola­ryň iň gy­zyk­ly­sy adam­la­ryň bi­ri-bir­le­ri bi­len suw se­piş­me­gi­dir. Bu çä­rä da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar hem uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry bu ýyl­ky fes­ti­wa­la gat­naş­ýan da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar­dan has köp gir­de­jä ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Bu dö­wür­de ýur­da 470 müň da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­nyň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 13-15-nji ap­rel ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek fes­ti­wal­da her gün 120 müň tö­we­re­gi ýo­lag­çy­nyň şä­he­ra­ra gat­naw­dan peý­da­lan­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
    Bu baý­ram­çy­lyk 2023-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­lip­di.

    Ogul­ke­ýik ÝOL­LY­ÝE­WA,
    Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm