Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy
Halkymyzyň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolmak bilen, ilatymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuş taýdan abadançylygynyň, bagtyýar geljeginiň hem möhüm şertidir. Giň gerimli öňüni alyş işleriniň hem-de keselleri irki döwürde anyklamagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy aýratynlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilatyň arasynda kesellemegiň derejesini peseltmäge, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şypahanalary hem täze belentliklere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, şypahanalaryň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlaryň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Tebigy bejeriş şertlerini ulanmak arkaly öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmek, hususan-da, näsaglaryň kesellerini bejermäge hem-de olaryň saglygyny dikeltmäge mümkinçilik berýän şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmek bu ugurda amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň amatly howa ýagdaýlary, dürli tebigy landşaftlar, dürli keselleri bejermäge ýardam edýän, düzümi boýunça seýrek duş gelýän mineral suwlary we melhemlik palçyklary şypahana ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmäge ýardam edýär. Köpçülikleýin şypahana-bejeriş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap sagaldyş düzüminiň döredilmegi hem-de meşhur şypahanalarymyzyň täze binalarynyň gurulmagy döwrüň gaýragoýulmasyz umumymilli wezipeleriniň hatarynda durýar.
Ýurdumyzda tutuş ýylyň dowamynda ilata bejeriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýän şypahana-dynç alyş edaralarynyň uly toplumy döredildi. Olarda ornaşdyrylan iň täze tehnologiýalar, dynç almak we bejeriş üçin döredilen amatly şertler adamlara saglygyny dikeltmäge, ýadawlygyny aýyrmaga ýardam edýär, ruhubelentlik we güýç-kuwwat berýär.
Häzirki dowam edýän ýaz paslynda Ahal welaýatyndaky «Arçman» şypahanasy hem köp sanly myhmanlary kabul edýär. «Arçman» şypahanasynda dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ýakyndaky gözel künjeklere gezelençler guralýar. Adaty bejergi bilen bir hatarda, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitobejergi usulyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde dynç almak bilen bir hatarda, lukmançylygyň soňky gazananlaryna esaslanýan bejergi hyzmatlaryny almak hem mümkindir.
«Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr». Konstitusiýada berkidilen hut şu taglymat şypahana-dynç alyş ulgamynda milli syýasatyň esasy bolup hyzmat edýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi raýatlaryň dynç alşynyň, olaryň saglygyny bejermegiň netijeli ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy we gymmatly baýlygydyr.
Mekan Meýdanow,
«Arçman» şypahanasynyň iňňe-refleks bölüminiň lukmany.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm