BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk
BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk

26-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Mejlisiň ýolbaşçysy myhmany bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işlerinde we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini üpjün etmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi we geljekde bilelikde geçirilmeli çäreler ara maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ähmiýeti nygtaldy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm