Soňky çempion Argentina 19-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar
Soňky çempion Argentina 19-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar

Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Günorta Amerika zolagyndan gatnaşjak ilkinji topar belli boldy. Dünýä Kubogynyň häzirki eýesi Argentinanyň ýygyndysy çempionlygyny goramak üçin ilkinji ädimi ätdi. Geçen tapgyrda myhmançylykda Urugwaýy 1-0 hasabynda ýeňen Argentinanyň ýygyndysy Braziliýa bilen geçiren oýnuna Dünýä Kubogynyň petegi bilen çykdy. Boliwiýanyň öz meýdançasynda Urugwaý bilen golsuz deňme-deň oýnamagyndan soň Argentinanyň ýygyndysy bassyr 14-nji, umumylykda-da 19-njy gezek Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Buenos-Aýresdäki “Monumental” stadionynda oýnalan duşuşykda Argentinanyň ýygyndysy Braziliýany uly hasap bilen, ýagny 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Messisiz, Dibalasyz, Martinessiz Argentinanyň gollaryny Hulian Alwares (4), Enzo Fernandes (12), Aleksis Mak Allister (37) hem-de Juliano Simeone (71) geçirdi. Brazilleriň ýeke-täk goluny bolsa 26-njy minutda Mateus Kunýa öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, Argentinanyň ýygyndysy güýçli garşydaşyny Dünýä Kubogynyň 1 gezekki saýlama tapgyrynda ilkinji sapar 2 gezek ýeňmegi başardy. 62 ýyldan soň esasy bäsdeşini uly hasap bilen ýeňen Argentinanyň ýygyndysy 6 ýyla golaý wagtdan bäri Braziliýa ýeňilmän gelýär. Mundan öň Argentinanyň ýygyndysy Braziliýanyň ýygyndysyny 1963-nji ýylyň 24-nji martynda 3-0 hasabynda, uly hasap bilen ýeňipdi (bu gezekki 62 ýyl soň 25-nji martda hasaba alyndy). Braziliýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bir duşuşygynda ilkinji gezek 4 gol geçirtdi. Bu olaryň 2014-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň ýarym finalyndan soň (7-1) iň köp gol geçirden resmi duşuşygy boldy.
Şeýle-de, Kolumbiýanyň ýygyndysy Luiz Diazyň 1-nji we Jon Duranyň 13-nji minutlardaky gollary esasynda 2-0 öňe geçen duşuşygynda Paragwaý bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Yklymyň Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmedik ýeke-täk topary Wenesuela öz meýdançasynda Rondonyň 41-nji minutda penaltiden geçiren ýeke-täk goly esasynda Perunyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda utdy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm