Sebitleýin maslahat geçirildi
Sebitleýin maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn duşuşyk hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi boýunça jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak” atly halkara sebitleýin maslahat geçirildi.
Maslahat Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Ýewropa bileleşiginiň, Birleşen Milletler guramasynyň ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň wekiller hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Halkara maslahata gatnaşyjylar institutyň Baş binasynyň eýwanynda gurnalan ylmy işleriň sergisi bilen hem-de institutda döredilen AR/VR tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw otagy bilen tanyşdylar.
Bu geçirilen halkara sebitleýin maslahatyň esasy maksady Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň netijeliligini halk köpçülige ýetirmegiň strategiýasyny işläp düzmekden ybarat bolup öz işini umumy mejlisde we 5 bölümçede dowam etdi. Bölümçelerde Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy halk köpçüligine ýetirmegiň ugurlary, serişdeleri we maliýeleşdirilişi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm