Şanhaýda-da “McLaren” topary ýeňiş gazandy

Şanhaýda-da “McLaren” topary ýeňiş gazandy

Şanhaýda-da “McLaren” topary ýeňiş gazandy
McLaren driver Oscar Piastri of Australia celebrates his pole position after qualifying session for the Chinese Formula One Grand Prix at the Shanghai International Circuit, Shanghai, Saturday, March 22, 2025. (AP Photo/Andy Wong) Şanhaýda-da “McLaren” topary ýeňiş gazandy 2 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Formula 1 boýunça möwsümiň 2-nji ýaryşy Hytaýda geçirilip, Şanhaýyň şäheriniň adybir halkara trassasynda guralan ýaryşda “McLaren” topary goşa üstünlik gazandy. 56 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda awstraliýaly Oskar Piastri 1 sagat 30 minut 55,026 sekuntda pellehanadan geçip, karýerasyndaky 3-nji ýeňşini baýram etdi. Piastriniň topardaşy, möwsümiň 1-nji ýaryşynyň ýeňijisi britaniýaly Lando Norris 9,748 sekunt giç pellehana gelip, 2-nji ýeri eýeledi. “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell ýaryşy 3-nji orunda tamamlady. Soňky 4 ýylyň çempiony, niderland Maks Werstappen (“Red Bull”) 4-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.

    “Ferrari” toparynyň sürüjileriniň alan netijeleri hasaba alynmady. Ýaryşyň düzgünlerini doly berjaý etmedik Şarl Lekler aslynda 5-nji, Lýuwis Hamilton bolsa 6-njy bolup ýaryşy tamamlapdy.

    Geçirilen 2 ýaryşdan soň Norris 44 utuk bilen 1-nji orny eýelese, Werstappen 36 utuk bilen 2-nji, 35 utukly Rassell 3-nji ýerde barýar.

    Möwsümiň 3-nji “Gran Prisi” 6-njy aprelde Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçiriler.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm