2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synp okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat berler
2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synp okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat berler

Türkmenistanda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýar. Buna laýyklykda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine ilkinji gadam basýan çagalara kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary öwrenildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Bu barada 20-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm