Kömelegiň peýdasy
Kömelegiň peýdasy

Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat ynsana dürli görnüşli nygmatlary eçilýär. Şolaryň biri-de kömelekdir. Kömelekden taýýarlanylýan tagamlar ganazlykda we sowuklamada peýdalydyr. Ýöne iýmit siňdiriş ýollarynda, böwrekde, ýürek-damar ulgamynda gowşaklyk bolanda, maddalaryň alyş-çalyş bozulmasynda kömelekden bişirilen nahary iýmekden saklanmak maslahat berilýär. Kömelekler iýmäge ýaramlylygy boýunça birnäçe topara bölünýär. Olar iýilýän kömelekler, şertli iýilýän, iýilmeýän zäherli kömeleklerdir.
Kömelek örän tagamly bolup, peýdaly maddalara, B witaminler toplumyna, D witaminine, demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý mikroelementlerine baýdyr. Bular saglygy berkidip, myşsalary belok bilen baýlaşdyrýar, beýnide dürli näsazlyklaryň öňüni alýar. Ak kömelekde PP witamini, köp mukdarda nikotin turşusynyň bolmagy ýüregiň işleýşini sazlaýar. Miokardyň diwarlaryny berkitmek üçin diýetologlar ter ak kömelekden taýýarlanan çorba iýmegi maslahat berýärler.
Kömelegiň düzümindäki mikroelementler onuň bitýän ýeriniň topragyna baglydyr. Eger toprakda dürli himiki birleşmeler we maddalar bar bolsa onda kömelegiň hem zäherlenme howpy döreýär. Kömelegi örülen sebetde ýa-da mata haltajygynda saklamalydyr. Sebäbi kömelegiň köp bölegi suwdan ybarat bolansoň, ol gysga wagtyň dowamynda zaýalanýar.
Bedeni sagdyn adamlarda hem kömelekden zäherlenme ýaly keselleriň döremegi mümkindir. Bu ýagdaý köplenç ýagdaýda üns berilmän, tanalmaýan zäherli kömelekler iýilen halatynda ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin hem ýaramsyz kömelek iýip, garnyňyzda agyrynyň, sanjynyň döremegi, üznüksiz gaýtarma, içgeçme, başaýlanma, ýürek urşuň haýallamagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykanda maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Ogulgerek Begaliýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň assistenti.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm