Suwasty ýel bekedi gurlar
Suwasty ýel bekedi gurlar

Fransiýanyň Normandiýa sebitiniň kenarynda suwasty ýel beketleri gurlar. «NH1» atly iri taslamanyň çäklerinde suwuň akymyndan elektrik energiýasyny öndürýän dünýäniň iň kuwwatly beketleri oturdylar. Bu ýerdäki deňiz suwunda daşgyn-gaýtgyn sebäpli yzygiderli akym emele gelýär. «Normandie Hydroliennes» atly kompaniýa bu ýerde dört sany turbina gurar. Kenardan üç kilometr uzaklykda guruljak desgalar 2028-nji ýylda işe giriziler. Bilermenler bu ýerde dünýädäki iň güýçli deňiz akymynyň bardygyny belläp, ilkinji nobatda umumy önümçilik kuwwaty 12 MW bolan 4 desganyň guruljakdygyny, munuň her ýylda 34 GW/sagat elektrik energiýasyny öndürjekdigini we 15 müň ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etjekdigini belleýärler. Geljekde bu ýerde her ýylda 85 turbina gurlup, ulanmaga berler. Suwasty turbinalar azyndan 38 metr çuňlukda ýerleşer.
Döwlet MÖWLAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm